TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Duşenbe güni birža söwdalarynda nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri we türkmen el halylary ýokary islege eýe boldy.

Duşenbe güni 29-njy ýanwarda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenistanyň dokma senagat ministrliginden aşgarlanmadyk nah ýüplük, satyn almak barada geleşikler baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni, şeýle hem Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 733 533,59 manada we 973 120,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"