TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen ilçisi Sankt-Peterburgda Ýadygärlik seýilgähinde Gahryman Türkmenistanlylaryň ýadygärligine gül goýdy

27-nji ýanwarda Sankt-Peterburgda Leningradyň faşistik basybalyjylardan doly boşadylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreler guraldy. Bu çärelere Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Sankt-Peterburgdaky Piskarewsk ýadygärlik toplumynda diplomat Leningrad üçin söweşlerde pida bolan Gahryman türkmenistanlylaryň ýadygärligine gül goýdy.
Şol gün "Gazprom Arena" stadionynda RF-niň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda şanly senä bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi.