
Bagşy gyzlaryň topary milli dutarçylar mekdebiniň däplerini dowam edýär
Türkmen halk aýdym-sazlary äleminde ýerine ýetirijilik zehini we dutar çalmakda ussat zenan bagşylar az däldir. Dessan ýerine ýetiriji ilkinji zenan bagşylar – Akjagül Myradowany hem-de Nabat Nurmuhammedowany ýatlap geçmek ýa-da dutar çalmak ýaryşynda hut Kör Gojalynyň özünden üstün çykan Heleý bagşy baradaky rowaýat hakynda gürrüň berýän has gadymy çeşmelere ýüzlenmek ýeterlikdir. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.
Bu topara Nabat Nurmuhammedowanyň döredijilik ýoluny dowam edýän, Türkmenistanyň halk artisti, bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Hojaýewa ýolbaşçylyk edýär.
“Biziň toparymyz konserwatoriýanyň talyplary bolup durýan 20 gyzdan ybarat” – diýip, Şemşat Hojaýewa gürrüň berýär. “Toparyň aýratyn özboluşlylygy oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleriniň gatnaşýanlygyndadyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň her welaýaty halk aýdymyny ýerine ýetirmekde öz usuly bilen şöhratlanýar. Gyzlar öz aralarynda işjeň gatnaşýarlar, dutarçylar mekdebiniň dürli usullarynda sazlary çalmagy öwrenip, birek-birekden ahal ýoly, salyr-saryk, damana ýoly, ýomut-gökleň ýoly we beýlekiler ýaly ýerine ýetirijilik ugurlaryny özleşdirýärler.”
Toparyň agzalary Täzegül Atajanowa, Dünýä Gutlyýewa, Jemal Saparowa «Ýaňlan, Diýarym!» we «Çalsana, bagşy!» atly aýdym-sazly bäsleşikleriň baýrak eýeleridir. Şeýle hem toparda aýdym-saz we bagşyçylyk neberelerini dowam edýän gelin-gyzlar bar.
Ýakynda toparyň täze Arkadag şäherinde ilkinji çykyşy bolup geçdi. Ol täze «Arkadag» teleýaýlymynda görkezildi. Topar agzalary köpçülige niýetlenilen 23 eser taýýarladylar. Olaryň köpüsi beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen eserlerdir.