TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uludan toýlanýan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany Ýer ýüzünde giňden tanatmak, dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, halkymyzyň abadan hem-de asuda durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde üstünlikleri arzuw edýäris.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly belent şygar bilen dabaralanýan 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinde döwlet derejesinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli iberen mähirli Gutlagyňyz üçin ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň adyndan Size köp sagbolsun aýdýarys. Gutlagyňyzdaky: «Bu Watan mertleriň Watanydyr! Siz bolsa şu topragyň gerçek ogullarysyňyz. Eziz Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatyna hem-de oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan, ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzyň ýörelgelerine berk eýermek siziň her biriňiz üçin mukaddes borç bolmalydyr» diýen parasatly sargytlaryňyz, Watan goragçylaryna bildirýän belent ynamyňyz biziň her birimizi mukaddes topragymyzy sarsmaz gala we polat galkan bolup goramaga ruhlandyrýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Gahryman Arkadagymyzyň: «Adatça, mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýär» diýen parasatly jümlesi Watan goragçylary üçin merdi-merdanalyga çagyryşdyr. Geçen 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Size goşun generaly diýen harby adyň hem-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy, bize her bir işde görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bu hakykatyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Bu buýsançly wakalar mertlerini beýgeldýän Watanymyzyň watansöýüjilige, edermenlige hem-de gahrymançylyga goýýan gadyr-gymmatyny açyp görkezdi. Ykballaryny ýurt goragyna baglan gerçek ýigitlerimiziň buýsanjyny artdyryp, göwünlerimizi galkyndyrdy.

Döwlet özygtyýarlylygymyzyň goragynda sak durýan Watan goragçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişden buýsançly gadamlar bilen geçip, Watan mukaddesligini dabaralandyrdylar. Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny hem-de harby kuwwatyny äleme äşgär eden bu dabaraly ýörişde kuwwatly harby tehnikalaryň sazlaşykly hereketleri, gerçek ýigitlerimiziň düzgün-nyzamlylygy halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. 2023-nji ýylyň oktýabrynda «Kelete» okuw-türgenleşik merkezinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň bilelikdäki harby-okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçirilmegi bolsa Watan goragçylarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Munuň özi Garaşsyz Diýarymyzda asudalygyň goragçylaryna goýulýan sarpany belende göterip, Watan mukaddesligini has-da dabaralandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz!

Ýaňy-ýakynda Kazan şäherinde geçirilen ýaryşda «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesinde Akdost atly türkmen alabaýynyň iki ugur boýunça gazanan üstünligi hakynda gelip gowşan hoş habar bütin halkymyz, şol sanda merdana Watan goragçylary tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Çünki türkmen halky gaýratly, batyr, gaýduwsyz alabaý itlerini özüne ýakyn syrdaş, wepaly ýoldaş hasaplaýar. Güýçli, ýanbermezek, wepaly alabaýlar halkymyzyň göz guwanjydyr, edermen Watan goragçylarynyň buýsanjydyr. Bu buýsanç türkmen alabaýlarynyň gazanýan ýeňişleridir üstünlikleri bilen has-da dabaralanýar.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Halkymyzyň merdi-merdanalyga, watanperwerlige sarpasy Siziň Watan goragçylary hakyndaky aladalaryňyzda aýdyň ýüze çykýar. Siziň baştutanlygyňyzda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän harby özgertmeler bu günki gün giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Milli goşunymyzyň harby kuwwaty pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleri has-da gowulandyrylýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarydyr işgärleri üçin açylyp ulanmaga berlen binalardyr desgalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Biz — Watan goragçylary Siziň şeýle aladalaryňyza jogap edip, ýurt goragynda mundan beýläk-de gujur-gaýratymyzy we yhlasymyzy gaýgyrmarys. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, dost-doganlyk serhedimiziň mizemezligini goramak, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde merdana pederlerimizden, ýurt goran gerçeklerimizden nusga alarys. Olaryň watansöýüjiligini, edermenligini we mertligini mynasyp dowam etdirip, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyz, Size jan aýaman, wepaly gulluk ederis.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siz: «Mert pederlerimiziň edermenlik ýolundan ýöremek her bir türkmen perzendi üçin belent borçdur. Bu borç Garaşsyz ýurdumyzy janyň-teniň bilen söýmek, onuň goragynda sak durmak, ykbalyňy Watan goragyna müdimi baglamak bilen haklanylýar» diýip, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ýörelgelerine berk eýerýärsiňiz. Merdana pederlerimiziň watansöýüjilik mekdebini mynasyp dowam etdirip, Watan mukaddesligini arşa göterýärsiňiz. Biz — Watan goragçylarynyň mukaddes harby borjumyzy ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de Siziň nusgalyk göreldäňize eýerjekdigimize şu dabaraly günde tüýs ýürekden ynandyrýarys.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Sizi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, agzybir halkymyzyň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabara gatnaşyjylar.