TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

TDHÇMB söwdalarynda 9 geleşik baglaşyldy

2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň içerki we daşarky bazarlarda nebit-himiýa we ýeňil senagatynyň önümleri hem-de türkmen el halylary satyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasy habar berýär.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" Döwlet Konsernlerinden "TPP D 382 BF" kysymly pilopropileni we "Y-354" kysymly tehniki uglerody, Azerbaýjan Respublikasynyň işewürleri Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginden aşgarlanmadyk nah ýüplük, Türkiýe Döwletiniň işewürleri ýerli kärhanalardan arassalanan nah galyndylary satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly pilopropileni, şeýle hem Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 6 102 277,67 manada we 728 298,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.