TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze — 2024-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şeýle hem Size mähirli Täze ýyl gutlaglaryňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Hassanal BOLKIAH,
Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltany.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Size we doganlyk türkmen halkyna bagtly täze ýyly arzuw edýärin, şeýle hem Siziň hoşniýetli Täze ýyl gutlaglaryňyz üçin hoşallyk bildirýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Tamim bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiri.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Size bagtyýar Roždestwony arzuw edýärin we täze — 2024-nji ýyl bilen gutlaýaryn.

FILIPP VI,
Ispaniýanyň Patyşasy.
 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze — 2024-nji ýylda şatlyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin. Goý, täze ýyl biziň ählimiz üçin parahatçylyk, sazlaşyk, ýagşy umyt-arzuwlary getirsin!

Pedro SANÇES,
Ispaniýanyň Hökümetiniň Başlygy.

 

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

General Min Aun HLAÝNG,
Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet dolandyryş Geňeşiniň Başlygy, Premýer-ministri.