Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmegiň hem-de innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ulag-aragatnaşyk, logistika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylaryň adyndan bu çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň bu forumlara gatnaşyjylara iberen mähirli Gutlagyňyz bizde uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň tagallalaryňyz bilen geçirilen bu forumlar ulag-aragatnaşyk ulgamynyň has-da kämilleşmeginde hem-de bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bu bolsa durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda, parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hem öz täsirini ýetirýär. Ýokary guramaçylykda geçirilen halkara sergi we maslahatlar halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlemek bilen, ulag-kommunikasiýa pudagy üçin täze hyzmatdaşlary ýüze çykardy, bar bolan oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi. Forumlaryň çäginde aragatnaşyk pudagynda sebit we dünýä derejeli meseleler barada özara pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda häzirki zaman hyzmatlaryny hödürlemekde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, serhetüsti optiki-süýümli magistral geçelgelerini gurmak, ulag-aragatnaşyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýaly möhüm meseleler bar.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, innowasion tehnologiýalar babatda sazlaşykly ösýän döwletleriň hataryna ynamly goşulmagyna ýardam berýän syýasatyňyza laýyklykda, ýurduň telekommunikasiýa pudagyna dünýäniň öňdebaryjy gazananlary, kämil innowasiýalar, maglumat tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Siziň baştutanlygyňyzda häzirki döwürde aragatnaşyk pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Siziň: «Sanlylaşdyrmak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barha artýar. Emeli aň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalar ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar» diýip nygtaýşyňyz ýaly, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary, ylmyň iň soňky gazananlaryny netijeli peýdalanmaga, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmaga, jemgyýetiň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini düýpli özgertmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara serginiň we ylmy maslahatyň ýokary guramaçylykda geçirilmegi babatda döredilen mümkinçilikler üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, ulag-aragatnaşyk pudagynyň täze sepgitlere ýetmegi, bu ugurda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank