TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa

Ge­çen hep­dä­niň wa­ka­la­ryn­da Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len öňe sür­len we hor­mat­ly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ugur aý­dyň şöh­le­len­di. Bu ugur hal­ka­ra bi­le­le­şik bi­len ne­ti­je­li dia­lo­gy ös­dür­mä­ge, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge, Wa­ta­ny­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len ynam­ly öňe git­me­gi­ne hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

2-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da hem-de we­la­ýat­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ni, bug­daý eki­şi­ni öz wag­tyn­da ta­mam­la­ma­gy, gö­ge­riş al­nan meý­dan­lar­da ta­la­ba­la­ýyk ideg et­me­gi, azyk ekin­le­riniň bol ha­sy­ly­ny ýyg­na­ma­gy tab­şyr­dy. Mun­dan baş­ga-da, şu ýyl we­la­ýat­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän dür­li mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li we öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň hem-de we­la­ýat­lar­da bi­lim, me­de­ni­ýet, do­lan­dy­ryş, jem­gy­ýet­çi­lik bi­na­la­ry­nyň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­dil­me­gi­ni üp­jün et­me­giň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.

Şol gün hor­mat­ly Prezidentimiz ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Se­ýed Ab­bas Arak­çi­ni ka­bul et­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar hä­zir­ki wagt­da iki­ta­rap­la­ýyn de­re­je­de hem-de hal­ka­ra guramalaryň çäk­le­rin­de bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak we öza­ra dü­şü­niş­mek esa­syn­da ös­dü­ril­ýär. Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam hem türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir.

Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji no­ýabr­da ge­çi­ren Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da şu ýy­lyň on aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne se­re­dil­di. Şeý­le hem Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de howp­suz­ly­gy, asu­da­ly­gy üp­jün et­mä­ge, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mä­ge, işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

3-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Prezidentimiz «Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk, se­na­gat, hi­mi­ýa we ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi» at­ly hal­ka­ra ser­gä we mas­la­ha­ta gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len «Toyo En­gi­nee­ring Cor­po­ra­tion» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň prezidenti, Baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry, we­kil­çi­lik mü­di­ri Eiji Ho­soi­ni ka­bul et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gy­nyň stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni hem-de ne­bit­gaz we hi­mi­ýa ul­gam­la­ryn­da, şol san­da Gy­ýan­ly­da­ky po­li­mer za­wo­dy­ny gur­ma­gyň tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Işe­wür türk­men ba­za­ryn­da ne­ti­je­li iş­le­mä­ge dö­re­dil­ýän amat­ly şert­ler üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň öz üs­tü­ne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.

3-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Prezidentimiz ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy ha­nym Kris­ti­na Şwarz-Fuk­sy ka­bul et­di. Ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň giň ge­rim­li me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar hem-de sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de iki ýur­duň bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň köp ba­bat­da ga­bat gel­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da ne­ti­je­li gu­ral bo­lup dur­ýan par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­na we iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men-awst­ri­ýa par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi, şol san­da onuň döw­let eda­ra­la­ry­nyň, hu­su­sy ul­ga­myň ara­syn­da ut­gaş­dy­ry­jy hök­mün­de iş­jeň çy­kyş ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di.

3-nji no­ýabr­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Döw­let sek­re­ta­ry­nyň Gü­nor­ta we Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça kö­mek­çi­si Pol Ka­pur bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da kö­pu­gur­ly iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň dur­nuk­ly ösü­şi­ne, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki yzy­gi­der­li du­şu­şyk­la­ryň, şol san­da iş sa­par­la­ry­nyň hem-de «C5+1» for­ma­tyn­da­ky köp­ta­rap­la­ýyn mas­la­hat­laş­ma­la­ryň, iki ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýe­ti­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk hem ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýär. Ýur­du­myz­da köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da «Nicklaus De­sign», «John Dee­re», «Case New Hol­land» we «Boeing» ýa­ly ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­giň oňyn tej­ri­be­si top­la­nyl­dy. Şeý­le-de iki ýur­duň ara­syn­da «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür­lik ge­ňe­şi he­re­ket ed­ýär.

Gahryman Arkadagymyz ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni iber­me­giň ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek stra­te­gi­ýa­sy­na ün­si çe­kip, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan transmilli gaz ge­çi­ri­ji­si­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ABŞ ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän ün­se we gol­da­wa ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka ýa­ly ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy aý­dyl­dy.

4-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Da­şo­guz we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny amala aşy­ryp, Aş­ga­bat — Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň we Ga­raş­syz­lyk et­ra­byn­da iki sa­ny se­na­gat kär­ha­na­sy­nyň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­la­ry­na gat­naş­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz san­ly ul­gam ar­ka­ly gö­ni ýaý­lym­da De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­tan aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň uzyn­ly­gy 44 ki­lo­metr bo­lan Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­tan bö­le­gi­niň açy­ly­şy­na ak pa­ta ber­di.

Uzyn­ly­gy 550 ki­lo­met­re go­laý bo­lan Aş­ga­bat — Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýo­ly De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ug­ry bo­ýun­ça amat­ly ulag ge­çel­ge­si bo­lar. Tä­ze aw­to­mo­bil ýo­ly san­ly ul­gam ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ýan döw­re­bap ýol gö­zeg­çi­lik en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­ler. Tä­ze ýo­luň ug­run­da uzyn­ly­gy 812 metr bo­lan tä­ze hä­zir­ki za­man aw­to­mo­bil köp­rü­si hem gur­lar. Şeý­le-de bar bo­lan 9 sa­ny aw­to­mo­bil köp­rü­si do­ly döw­re­bap­laş­dy­ry­lar. Ýo­luň ug­run­da döw­re­bap we oňaý­ly 136 sa­ny aw­to­bus du­ral­ga­sy, 13 sa­ny aw­to­du­ral­ga meý­dan­ça­sy gur­lar.

Ga­raş­syz­lyk et­ra­byn­da hor­mat­ly Prezidentimiziň gat­naş­ma­gyn­da ýyl­da 60 müň ton­na se­na­gat pag­ta çi­gi­di­ni gaý­ta­dan iş­le­jek ösüm­lik ýag kär­ha­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Bu bi­na­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dy­ry­lyp, ýyl­da je­mi 9 milliona go­laý 1 litr göw­rüm­dä­ki plas­tik gap­la­ra guý­lan ýag ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Döw­re­bap kär­ha­na­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len, bu ýer­de 250-ä go­laý ada­myň zäh­met çek­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­di­ler.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyl­da 350 müň ton­na kar­ba­mid we 350 müň ton­na am­miak se­lit­ra dö­kün­le­ri­ni ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen top­lu­myň bin­ýa­dy­na il­kin­ji be­ton ga­ryn­dy­sy­ny guý­dy. Müň­den gow­rak tä­ze iş or­nu­ny dö­ret­jek kär­ha­na «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň sar­gyt et­me­gi bo­ýun­ça «GAP In­şaat» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Ger­ma­ni­ýa­nyň «Thys­senK­rupp Uh­de GmbH» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk­da, in­no­wa­sion we eko­lo­gik taý­dan aras­sa çöz­güt­ler esa­syn­da Ga­raş­syz­lyk et­ra­byn­da gur­lar. Top­lu­myň kuw­wa­ty ýur­du­my­zyň daý­han­la­ry­nyň is­leg­le­ri­ni do­ly ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga hem-de dö­kün­le­ri da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

5-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Prezidentimiz san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da şu ýy­lyň on aýyn­da ýur­du­myz­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di. Hor­mat­ly Prezidentimiz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, şu ýy­lyň on aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň go­wy ne­ti­je­le­ri gör­ke­zen­di­gi­ni, ýur­du­my­zy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­let maksatnamalarynyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.

Ha­sa­bat döw­rün­de je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi 6,3 göterim de­re­je­de dur­nuk­ly sak­la­nyp gel­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Önüm­çi­lik pu­dak­la­ry yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Di­ýa­ry­myz­da iri se­na­gat des­ga­la­ry­nyň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, beý­le­ki des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Prezidentimiz öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ka­bul edi­len maksatnamalary amala aşyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri ge­çir­me­gi do­wam et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

5-6-njy no­ýabr­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow eme­li aň ul­ga­myn­da howp­suz­lyk bo­ýun­ça Aka­ba pro­se­si­niň Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let Baş­tu­tan­la­ry de­re­je­sin­dä­ki du­şu­şy­gy­na gat­naş­mak üçin Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­ny amala aşyr­dy. As­ta­na­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­ga Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti, Ior­da­ni­ýa­nyň Pa­ty­şa­sy, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri, hal­ka­ra guramalaryň, şol san­da BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, GDA-nyň ugur­daş eda­ra­la­ry­nyň, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­le­ri, eme­li aň howp­suz­ly­gy ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra bi­ler­men­ler we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar.

Hor­mat­ly Prezidentimiz sam­mit­de çy­kyş edip, öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iş­jeň­leş­dir­mek, bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni iş ýü­zün­de ulan­mak, pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we sy­ýa­sy dia­log me­de­ni­ýe­ti­ni gaý­ta­dan di­kelt­mek ar­ka­ly ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my ki­ber­howp­suz­ly­gyň tä­ze ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry­ny be­ýan et­di. Şeý­le-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da we tu­tuş dün­ýä­de berk howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­ga üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny hem-de Aka­ba pro­se­si­niň mak­sat­dyr we­zi­pe­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ne­ti­je­li go­şan­dy­ny goş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ior­da­ni­ýa Ha­şi­mit Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Pa­ty­şa­sy Ab­dul­la II ibn Al Hus­seýn bi­len du­şuş­dy. Söh­bet­deş­ler Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Ior­da­ni­ýa­nyň dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di­ler. Ior­da­ni­ýa­nyň Pa­ty­şa­sy özi üçin is­len­dik amat­ly wagt­da sa­par bi­len Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge ça­ky­ly­gy ho­şal­lyk bi­len ka­bul edip, şu du­şu­şy­gyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

7-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Prezidentimiz paý­tag­ty­myz­da­ky Döw­let mün­be­ri­niň gü­nor­ta-gün­ba­tar ta­ra­pyn­da bag na­ha­ly­ny otur­dyp, äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň güýz­ki möw­sü­mi­ne ba­dal­ga ber­di. Çä­rä­niň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Milli to­kaý mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de we paý­tag­ty­my­zy aba­dan­laş­dyr­mak, ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.

Arkadag şä­he­ri­niň çä­gin­de ge­çi­ri­len äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­na türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gat­naş­dy. Me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň joş­gun­ly çy­kyş­la­ry da­ba­ra aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy.

Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len Arkadag şä­he­ri­niň we­kil­le­ri Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gyn­da sa­par­da bo­lup, dür­li gör­nüş­li bag­la­ry we kö­pö­wüş­gin­li gül­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň hä­zir­ki za­man tej­ri­be­si bi­len ta­nyş­dy­lar, şeý­le-de ýur­du­my­za dür­li gül­le­riň to­hu­my­ny ge­tir­di­ler.

Tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça ge­çi­ri­len äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň do­wa­myn­da 537 müň 900 düýp bag na­ha­ly ekil­di. Şeý­le hem se­ýil­gäh­le­ri we to­kaý zo­lak­la­ry­ny aras­sa­la­mak, aba­dan­laş­dyr­mak iş­le­ri ge­çi­ril­di.

Ge­çen hep­de­de hor­mat­ly Prezidentimiziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mej­lis­de Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­ni­len Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Eti­ýen Berh­told­dan ynanç ha­ty ka­bul edil­di. Dip­lo­mat Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry, şeý­le hem Mej­li­siň dü­zü­mi we ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.

Ýur­du­myz­da 3-nji no­ýabr­da giň­den bel­le­ni­len Gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ga­bat­la­nyp, paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk, se­na­gat, hi­mi­ýa, ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi» at­ly hal­ka­ra ser­gi we mas­la­hat ge­çi­ril­di. Dün­ýä­niň 60-a go­laý döw­le­tin­den 800-den gow­rak we­ki­liň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len giň ge­rim­li fo­rum gur­lu­şyk, se­na­gat önüm­çi­li­gi, ener­ge­ti­ka we hi­mi­ýa se­na­ga­ty, ýol gur­lu­şy­gy ul­ga­myn­da ýur­du­my­zyň ga­za­nan­la­ry, dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ryň hö­dür­le­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len en­jam­la­ry, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri hö­dür­le­di. Hal­ka­ra fo­ru­myň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň döw­let dü­züm­le­ri­niň we da­şa­ry döw­let­le­riň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk resminamalarynyň uly top­lu­my­na gol çe­kil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Milli mer­ke­zi­niň hem-de Hal­ka­ra Zäh­met Gu­ra­ma­sy­nyň (HZG) Zäh­met­keş­le­riň iş­le­ri bo­ýun­ça eda­ra­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da paý­tag­ty­myz­da­ky «Ar­ça­bil» myh­man­ha­na­syn­da «Hal­ka­ra zäh­met stan­dart­la­ry­ny we dur­nuk­ly ösü­şi öňe sür­mek­de kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň or­ny» at­ly hal­ka­ra yl­my-amaly mas­la­hat, şeý­le hem Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň se­bi­ta­ra fo­ru­my ge­çi­ril­di.

Fo­rum­lar tej­ri­be alyş­mak hem-de se­bit we se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­de bi­le­lik­dä­ki çe­me­leş­me­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça öw­rül­di.

Aş­ga­bat­da ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň, eda­ra­la­ryň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň mede­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de hä­zir­ki za­man şert­ler­de hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­me­giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Ge­çen hep­de­de ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len «Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň teatr sun­ga­ty» at­ly V hal­ka­ra teatr fes­ti­wa­ly Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän iri me­de­ni mer­kez hök­mün­dä­ki de­re­je­si­ni ýe­ne bir ge­zek tas­syk­la­dy.

Ge­çen ýek­şen­be gü­ni ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da, Aş­ga­bat we Arkadag şä­her­le­rin­de daý­han­la­ry­my­zyň Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da­ky dö­re­di­ji­lik­li we ha­lal zäh­me­ti­ni ala­mat­lan­dyr­ýan Ha­syl to­ýy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň çä­gin­den geç­ýän Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň ke­na­ry esa­sy baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri gör­kez­ýän oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň to­hum­la­ry­nyň, gök-bak­ja, mi­we we beý­le­ki oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň, ola­ry gaý­ta­dan iş­le­mek­den al­nan taý­ýar önüm­le­riň ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Ha­syl to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­tin­de hor­mat­ly Prezidentimiziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de we ekin­le­riň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nan oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­ne döw­let sy­lag­la­ry­ny hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Ha­syl to­ýy my­na­sy­bet­li oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň adyn­dan hor­mat­ly Prezidentimize 2023-nji ýyl­da dog­lan Ha­zy­na at­ly dor reňk­li aja­ýyp ahal­te­ke be­de­wi sow­gat be­ril­di.

Asyl­ly dä­be gö­rä, ýur­du­myz­da giň­den bel­le­ni­len Ha­syl to­ýy my­na­sy­bet­li Arkadag şä­he­ri­niň Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zin­de sag­ly­gy­ny di­keld­ýän hem-de paý­tag­ty­myz­da­ky Döw­let­li­ler köş­gün­de ter­bi­ýe­len­ýän ça­ga­la­ra hor­mat­ly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyn­dan süý­jü­lik­ler, ýö­ri­te baý­ram­çy­lyk sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Şeý­le­lik­de, ge­çen hep­däniň wa­ka­la­ry hor­mat­ly Prezidentimiziň Di­ýa­ry­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­lik bi­len sy­ýa­sy dia­lo­gy çuň­laş­dyr­ma­ga, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, aba­dan­çy­ly­gyň hem-de gül­läp ösü­şiň bäh­bi­di­ne yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň gü­wä­si bol­dy.

(TDH)