TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

An­tal­ýa, 10-njy no­ýabr (TDH). Şu gün türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Prezident Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan bi­len du­şu­şyk ge­çir­di.

Prezident Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, ça­ky­ly­gy ka­bul edip ge­len­di­gi üçin Gahryman Arkadagymyza ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Serdar Berdimuhamedowa mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­me­gi­ni ha­ýyş et­di. Şeý­le hem dost­luk­ly ýur­duň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýa­kyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na amala aşy­ran sa­pa­ry­ny ýa­kym­ly duý­gu­lar bi­len ýat­la­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin min­net­dar­ly­gy­ny be­ýan edip, hor­mat­ly Prezidentimiziň Tür­ki­ýä­niň döw­let Baş­tu­ta­ny­na ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di hem-de Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne ýur­du­myz­da uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Gahryman Arkadagymyz Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň no­bat­da­ky sam­mi­ti­ne gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da An­ka­ra­da sa­par­da bo­lan türk­men we­ki­li­ýe­ti­ne bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin türk ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, halk­la­ry­my­zyň ta­ry­hyň do­wa­myn­da eme­le ge­len umu­my­ly­gy­na esas­lan­ýan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň we Tür­ki­ýä­niň kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bi­len, “Bir mil­let — iki döw­let” ýö­rel­ge­sin­den ugur al­ýan­dyk­la­ry, mu­nuň bol­sa iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da­ky ne­ti­je­li öza­ra gat­na­şyk­lar üçin berk bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi nyg­tal­dy.

Gahryman Arkadagymyzyň bel­leý­şi ýa­ly, iki ýur­duň döw­let ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­li öza­ra sa­par­lar, du­şu­şyk­lar we gep­le­şik­ler sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Milli Liderimiz ýurt­la­ry­my­zyň hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň öňün­de du­ran wa­jyp me­se­le­ler — hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi ber­kit­mek ba­bat­da go­şant­la­ry­ny goş­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň bi­ta­rap da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­ny, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da, beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­ler­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýan­dy­gy üçin türk ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Hor­mat­ly Arkadagymyz söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry söw­da gat­na­şyk­la­ryn­da Tür­ki­ýä­niň he­mi­şe öň­dä­ki orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da türk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­tan­da dür­li taslamalar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da dok­ma top­lum­la­ry, ener­ge­ti­ka, gaz­hi­mi­ýa pu­dak­la­ry bo­ýun­ça iri taslamalar, se­na­gat kär­ha­na­la­ry, dür­li mak­sat­ly bi­na­lar, ýüz­ler­çe beý­le­ki des­ga­lar bar.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz we Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan bi­rek-bi­re­ge berk jan sag­lyk, jo­gap­kär­li döw­let iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri, iki ýur­duň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk, gül­läp ösüş ar­zuw et­di­ler.

Du­şu­şyk­dan soň­ra türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri bi­len Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň bi­le­lik­dä­ki ag­şam­lyk na­ha­ry bol­dy. Mu­nuň özi kök­le­ri­ni asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan mi­ze­mez türk­men-türk dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ýe­ne-de bir aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rül­di.