Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlaglarynda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde duran wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmäge, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, öňdebaryjy tehnologiýalardyr tehnikalary giňden ornaşdyrmaga, ýokary hilli maldarçylyk we guşçulyk önümlerini öndürmäge, pudaklaýyn ylmy ösdürmäge, seçgiçiligi hem-de tohumçylygy kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilýändigini nygtaýarlar. Amala aşyrylýan bu giň gerimli özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi türkmen topragynyň sahawatlylygyny alamatlandyrýan umumymilli baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri mähirli gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlaryny iberdiler.
Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutlaglaryny beýan etdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank