TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen çuň manyly Gutlagyňyz, şeýle hem bu halkara çäräniň ýokary derejede geçirilmeginde döreden giň mümkinçilikleriňiz, beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurduň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly rowaçlyklara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halky ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuny uly buýsanç bilen giňden baýram etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda asyrlara barabar ösüşleri gazandy. Kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe döwlete öwrüldi. Bu döwürde türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylan beýik üstünlikler gazanyldy.

Siziň ýurdy gülledip ösdürmek, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmak babatdaky başlangyçlaryňyz gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklarynda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegine esas döredýär. Döwlet maksatnamalarynyň we kabul edilýän çözgütleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurduň dürli künjeklerinde täze önümçilik kärhanalary gurulýar, hereket edýänleriniň kuwwatlyklary ýokarlandyrylýar, öndürilýän önümleriň görnüşleri artdyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegine we milli önümleriň eksportynyň artdyrylmagyna gönükdirilen işler Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşine täze itergi berýär.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlar, maslahatlar, sergiler we beýleki çäreler ýurduň parahatçylyga, döredijilige we ösüşe gönükdirilen syýasatyny dünýä ýaýýar. Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, Hazar ekologiýa sammitiniň ýokary derejede guralmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Şeýle halkara çäreler Türkmenistanyň sebit we dünýä derejesindäki hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat ýurtda gazanylan üstünlikleri, milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini giňden açyp görkezdi. Sergide gurluşyk we binagärlik, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy hem-de halk hojalygynyň beýleki ugurlary boýunça gazanylan netijeler, täze taslamalar we innowasion çözgütler bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Bu halkara çäre diňe bir önümleriň we tehnologiýalaryň görkezilişi bolman, eýsem, türkmen telekeçileri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe alyşmak we geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin-de netijeli meýdança boldy. Sergide ykdysady özgertmeleriň, ýurduň senagat kuwwatyny artdyrmak hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ähmiýeti aýdyň şöhlelendi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak we önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Täze obalaryň we şäherleriň, iri senagat kärhanalarynyň, önümçilik toplumlarynyň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, onuň sebitleriniň toplumlaýyn ösdürilmegine ýardam berýär.

Halkara sergide gurluşyk, binagärlik, senagat we gurluşyk önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy hem-de beýleki pudaklaryň gazananlary, şeýle hem türkmen telekeçileriniň üstünliklerini, mümkinçiliklerini we geljekki ösüş ugurlaryny görkezýän ekspozisiýalar giňden ýaýbaňlandyryldy. Olar Türkmenistanyň önümçilik kuwwatyny, ykdysadyýetiniň ösüş mümkinçiliklerini hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmasyny aýdyň görkezdi.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi hem-de maslahat gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklarynda öndürilýän önümleri giňden tanyşdyrmakda netijeli meýdança öwrüldi. Ýokary derejede geçirilen halkara forum Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady mümkinçilikleri, gurluşyk we senagat kuwwaty bilen tanyşdyrmakda, dünýäde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary täze, has ýokary derejelere çykarmakda uly ähmiýete eýedir.

Halkara serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, şeýle hem gurluşyk hem-de senagat toplumynyň pudaklarynda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak üçin döreden giň mümkinçilikleriňiz, beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size ýene-de bir gezek hoşallyk bildirýäris. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryny, şol sanda senagat we gurluşyk, elektroenergetika pudaklaryny döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmek babatda alyp barýan işleriňizde üstünlikler hemraňyz bolsun.

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar.