TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli geçirilendigi üçin hoşallyk bildirýärin.

TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda guralan dabaraly çäreler Türkmenistanda jemlendi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Aşgabatda geçirilen ýatdan çykmajak dabaralar türki halklaryň arasynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasy boldy. Siziň Alyhezretiňiziň alyp barýan köpugurly işleriňiz netijesinde, Türkmenistan türki döwletleriň agzybirliginiň hem-de raýdaşlygynyň nyşanyna öwrüldi. Bu ugurda bitiren hyzmatyňyzyň ykrarnamasy hökmünde Siz “TÜRKSOÝ” ordenine mynasyp bolduňyz.

Pursatdan peýdalanyp, TÜRKSOÝ-nyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Sultan RAÝEW,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.