TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Baş prokurory hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň teklibine razylyk bermeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.GULMANOWA.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 16-njy ýanwary.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Baş prokurory hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowy Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň teklibine razylyk bermeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.GULMANOWA.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 16-njy ýanwary.