TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan we öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi täze — 2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türki medeniýetiň halkara guramasy Siziň türki dünýäniň çäklerinde hyzmatdaşlygy we medeni alyşmalary ösdürmek boýunça tagallalaryňyza, türki döwletleriň arasynda doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyňyza ýokary baha berýär. Goý, täze ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistana mundan beýläk-de üstünlikleri getirsin!

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize iň ýakymly gutlaglarymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sultan RAÝEW,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn hem-de 2024-nji ýylda iň gowy arzuwlary we hemmeler üçin durnukly gülläp ösüş ýolunda hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösmegini arzuw edýärin.

Kristalina GEORGIÝEWA,
Halkara pul gaznasynyň direktor-ýolbaşçysy.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Täze ýyl — Roždestwo baýramlarynyň bellenilýän döwri hemişe adamlarda oňyn özgerişliklere garaşmak, kynçylyklary we synaglary üstünlikli ýeňip geçmek baradaky umydy döretmek bilen baglanyşyklydyr.

Rus prawoslaw ybadathanasy bilen döwlet häkimiýet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň döwürdeşlerimiziň durmuşynda hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, rehimdarlyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga möhüm goşant goşjakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, köňül rahatlygyny, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

KIRILL,
Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy.