Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileriniň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işleriňizde hemişe uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde mähriban Watanymyz bedew batly ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwletli döwranda ýaşaýan bagtyýar halkymyz ajaýyp zamanamyza, bagtyýar durmuşymyza buýsanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Arkadag, Aşgabat şäherlerinde, welaýatlarymyzda senagat-önümçilik toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşlaryňyz agzybir halkymyzyň eziz Watanymyza, ajaýyp zamanamyza buýsanjyny has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütler, kararlar bizi — döredijilik işgärlerini öz eserlerimizde ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, berkarar döwletimiziň dünýädäki belent şan-şöhratyny has-da joşgunly wasp etmäge galkyndyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň durmuşyndaky şatlykly wakalar bizi çeper döredijiligiň rowaç menzillerine ruhlandyrdy.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýurdumyzyň durmuşynda şöhratly ýyllaryň biridir. Behişdi bedewlerini toýlarynyň bezegine, kalbynyň buýsanjyna öwren merdana halkymyzyň milli gymmatlyklary dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Türkmen halky «At agynan ýerde toý bolar» diýen paýhasa uýup, döwletli döwranda toýlar tutýar. «At — myrat» diýen pähime sygnyp, belent maksatlarynyň myradyna ýetýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy dabaraly toýlanýar. Şanly senäniň şöhratly menzilleri bedew batly ösüşlere, bedewler bezän toýlara, atlar agynan ýollara beslenýär. Bu döwletli işleriň we taryhy wakalaryň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň mähriban Watanymyza, agzybir halkymyza bolan beýik söýgiňiz bar. Siziň halkymyza serpaý beren çuňňur pähim-paýhasly kitaplaryňyz Garaşsyzlyga guwanmagyň, Watany söýmegiň, ýurda wepalylygyň we halal zähmet çekmegiň nusgalyk mekdebidir.
Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!
Şu gün döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri bolan biz egsilmez şatlygyň we ruhy galkynyşyň dünýäsine dolduk, döredijilik äleminiň ylhamly menzillerine ganatlandyk.
Siziň belent serpaýlaryňyzdan göwünlerimiz galkynyp, geljekde-de milli sungatymyzy we edebiýatymyzy ösdürmek, täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, bagtyýar watandaşlarymyzy ajaýyp zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmak ugrunda zehin-yhlasymyzy, güýç-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Bu gün bize gowşurylan ajaýyp sylaglaryňyz üçin, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Size hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işleriňiziň hemişe uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz hemişe gülläp össün!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank