
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Goý, bu baýramçylyk günleri bizi ynam, umyt we söýgi bilen birleşdirsin!
Size parahatçylyk arzuw edýärin.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden maşgalasy bilen.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňize, Hökümetiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglarymy, ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan edýärin.
Hormatly jenap Prezident, biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halklarymyzyň umyt-arzuwlaryny hasyl etmek üçin 2024-nji ýylda-da gülläp ösmegini dowam etdirjekdigine we täze belentliklere ýetjekdigine ynanýaryn.
Size ähli gowulyklary, abadançylyk, Siziň halkyňyza bolsa üstünliklerden we bagtyýarlykdan doly täze ýyly arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Abdel Fattah AL-SISI,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Bagtly Täze ýyl baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!
Katerina SAKELLAROPULU,
Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Täze ýylda Size we Siziň ýurduňyza mähirli salamymy ýollaýaryn. Goý, baýramçylyk günleri biziň ýüreklerimizdir öýlerimize nur saçsyn, parahatçylyk, düşünişmek, şeýle hem bagtyýar geljege umyt getirsin!
Size, Siziň ýakynlaryňyza we Türkmenistanyň raýatlaryna şatlykly baýramçylygy arzuw edýärin.
Iň gowy arzuwlar bilen,
Maýýa SANDU,
Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.