TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň öňde belent maksatlary goýup, döwlet ösüşinde we dünýäniň syýasy giňişliginde uly üstünlikleri gazanýandygy bellenilýär. Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlaýarlar hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Mejlisiň deputatlarynyň adyndan D.Gulmanowa mähirli gutlady.

Döwlet Baştutanymyza şanly waka mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)