TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Y.A.GAÝYPOW hakynda

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Gana Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabry.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň
PERMANY

W.S.HAJIÝEW hakynda

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabry.