TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylar bolan biz bu maslahaty ýokary derejede geçirmek babatda döreden ähli zerur şertleriňiz, baýramçylyk şatlygymyzy has-da belende göteren Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy beýan edýäris hem-de Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Size berk jan saglyk, ata Watanymyz Türkmenistanyň gülläp ösmegi, ähli türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan beýik işleriňizde hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Garaşsyzlygyny alyp galkynan, aýdyň ösüş ýoluna düşen ata Watanymyz Türkmenistan dünýä türkmenleriniň köňüllerini birleşdirýän mukaddeslikdir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda beýik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilmegi ýurduň taryhynda täze sahypany açýar. Geçen döwürde türkmen halkynyň jebisligine, agzybirligine, ägirt uly zähmet ýeňişlerine, Watanymyzyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, türkmen döwletini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir raýatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredilip, Türkmenistany senagat we innowasion taýdan ösdürmäge tarap ugur alyndy. Düýpli özgertmeleriň, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmekde gazanylan ajaýyp üstünlikleriň gözbaşynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň, belent mertebeli Prezidentimiz, Siziň ägirt uly tagallalaryňyzyň durandygy bizi örän buýsandyrýar.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen halkynyň behişdi bedewlere çäksiz söýgüsini dünýä ýaýýan şanly ýylda-da ata Watanymyz Türkmenistan bedew batly ösüşleriň ýolundan ynamly öňe barýar. Ýurtda bolup geçýän möhüm wakalaryň her biri, şol sanda dürli maksatly desgalaryň açylmagy ýa-da düýbüniň tutulmagy, täze taslamalara badalga berilmegi, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özgertmeler «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly ýörelgeleriň guwandyryjy netijeleridir. Şanly ýylda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň dowam etdirilmegi, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň doly tamamlanmagy, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryndaky işlere badalga berilmegi, «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi ýaly taryhy wakalar ata Watanymyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan nyşandyr.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde alyp barýan daşary syýasaty hem rowaçlyklara beslenýär. Siziň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp düzmäge, sebitde we dünýäde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryňyz dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi türkmenistanlylaryň, şol sanda Ýer ýüzüniň çar künjeginde ýaşaýan türkmenleriň hem göwnüni ganatlandyryp, ösüşiň täze belentliklerine ýetmek üçin ylham-joşgun berýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siz: «Garaşsyzlyk halkymyzyň ykbalyna düýpli täsir etdi hem-de dürli ýurtlarda mekan tutan dünýä türkmenlerini beýik Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes suprasynyň başyna jemledi» diýmek bilen, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işine ýokary baha berýärsiňiz. Siz daşary ýurtly türkmenlere ata Watanymyzda geçirilýän maslahatlara, forumlara, toý-dabaralara gatnaşmaga, Garaşsyz Diýarymyzyň ýyly mährini duýmaga giň mümkinçilikleri döredýärsiňiz. Biz ynsanperwer birleşigiň agzalary hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleri, milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy öz ýaşaýan ýurtlarymyzda wagyz etmek ugrunda mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyza Sizi ynandyrýarys.

Hormatly Prezidentimiz!

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz, bu maslahatyň üstünlikli we ýokary derejede netijeli geçmegi babatda beren goldawlaryňyz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylar.