Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz üçin Size çäksiz alkyş aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, bagtyýar halkymyzyň abadan, eşretli durmuşy, eziz Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenmegi ugrunda alyp barýan döwletli işleriňizde hemişe uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Hormatly Prezidentimiz!
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň çäksiz goldaw-hemaýatlaryňyz esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Medeniýet ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işler döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, sungat işgärleriniň döredijilik we ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak, täze zehinleri ýüze çykarmak, ýaş nesli sungata höweslendirmek babatda giň mümkinçilikler döredilýär.
Siziň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyzda: «Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, agzybir halkymyz aýdym-saz sungatyny hemişe sarpalan, söýen halkdyr. Türkmen halky ençeme asyrlyk şöhratly taryhynda aýdym-saz sungatyna kalbynyň töründen orun beripdir, joşgunly aýdym-sazlary ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegine öwrüpdir. Ussat bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirýän joşgunly aýdym-sazlary türkmen topragynda tutulýan toýlaryň dabarasyny has-da artdyrypdyr» diýip belleýşiňiz ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan mukaddes sungat ýoluny dowam etdirýän ýaş zehinleriň ýüreklerinde Watana söýgi, halkymyza buýsanç, döwrümize bolan ynam belent heňli aýdym bolup ýaňlanýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýurdumyzda indi birnäçe ýyllar bäri geçirilip gelinýär. Ol höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň aýdym-saz sungatyna söýgüsini we yhlasyny artdyrmakda, Diýarymyzyň şäherlerinden, obalaryndan täze, ýaş zehinli aýdymçylary ýüze çykarmakda uly orny eýeleýän özboluşly döredijilik bäsleşigidir. Siziň tagallalaryňyz bilen aýdymçy ýaşlaryň sungat äleminde zehin aýratynlyklaryny ýüze çykarmaklary, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin giň şertler döredilýär. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşyjylar bolan biz — höwesjeň aýdymçy ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine tüýs ýürekden guwanyp, aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ganatlanýarys. Bu abraýly bäsleşige gatnaşmak, çykyş etmek, öz aýdymlarymyz bilen halkymyzy begendirmek biziň üçin uly bagtdyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän dabaralarda, konsertlerde ýerine ýetirilýän aýdym-sazlar bedew batly ösüşlerimiziň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň waspy bolup ýaňlanýar. Şanly senäniň öňüsyrasynda şatlyk-şowhunly geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş edip, Siziň Şa serpaýyňyza mynasyp bolmak biziň kalbymyza çäksiz buýsanç eçilýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň bimöçber goldaw-hemaýatlaryňyzdan ruhlanyp, biz geljekde-de aýdym-saz sungatymyzy täze ilhalar aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga, ösdürmäge öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzda dabaraly toýlanýan şanly senelerimizde, baýramlarymyzda kämil aýdym-sazlary joşgunly ýerine ýetirjekdigimize, ýaş ýüregimizden gaýnap çykýan aýdymlarymyz bilen eziz Diýarymyzy, ajaýyp zamanamyzy giňden wasp etjekdigimize ynandyrýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank