At — myrat, at agynan ýerde toý bolar
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygyna ugramak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly taryhy üstünliklere beslenýär. Bu şanly ýylda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň mysalydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara gözellik we atly sport bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, Guramaçylyk döwlet topary döredildi. Bu topara Gahryman Arkadagymyzyň hut özi ýolbaşçylyk edýär. Munuň özi bedew aty bilen şöhratly ýol geçen halkymyzyň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem özüniň köpasyrlyk wepaly ýoldaşyna aýratyn gadyr goýup, dünýä derejesinde sarpalaýandygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, behişdi bedewleriň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça ilkinji gezek geçirilen bu dünýä çempionatynyň netijelerini jemlemek üçin Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.
Bu çäreleriň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu mejlise gatnaşmagy behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
...Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Düsseldorf halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Germaniýanyň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Soňra Milli Liderimiz bu ýerden ugrady.
...Birnäçe wagtdan Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk-sport toplumyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň atly ýigitleriniň ugratmagynda «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň binasyna bardy. Bu görnüşler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi.
Atçylyk-sport toplumynyň binasynyň öňünde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Bu ýerde halkymyzyň göz guwanjyna deňelýän ahalteke bedewlerine bagyşlanan ajaýyp edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Munuň özi ýurdumyz tarapyndan ahalteke atlarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen söhbetdeş boldy. Bellenilişi ýaly, behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdymlar türkmen sungatynda aýratyn orna eýedir. Şeýle belent owazly aýdymlaryň Ýewropanyň merkezinde ýaňlanmagy dabaralaryň şowhunyny has-da belende göterdi hem-de ýurdumyz tarapyndan guralýan bu çärelere gatnaşýan daşary ýurtly tomaşaçylar üçin özboluşly sowgat boldy.
Öz gezeginde, ýurdumyzyň sungat ussatlary Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize türkmen sungatyny tutuş dünýäde wagyz etmekde durmuşa geçirýän işleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Gahrymany A.Nurmuhammedowany ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Jemal bagşy, ynha, çet ýurtda Siziň ýaş toýuňyzy hemmämiziň adyndan gutlamak nesip etdi. Siz uzak ýyllaryň dowamynda baý many-mazmunly ajaýyp aýdymlaryňyz bilen halkymyzyň uly hormatyny gazandyňyz. Aýdym-saz sungatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitirdiňiz. Birnäçe döwlet sylaglaryna hem-de hormatly atlara mynasyp bolduňyz. Siz döwlet derejesindäki baýramçylyk konsertlerine gatnaşyp, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürip, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýarsyňyz” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de A.Nurmuhammedowany ýene bir gezek ýaş toýy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, owazynyň mundan beýläk-de belentden ýaňlanmagyny, geljekde hem kämil aýdym-saz eserleri bilen Watanymyzy wasp etmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Gahrymany A.Nurmuhammedowa ýaş toýy mynasybetli gutlaglary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döredijiligine Milli Liderimiziň şeýle ýokary baha bermeginiň özi üçin uly mertebedigini we hormatdygyny aýtdy. A.Nurmuhammedowa mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagy ugrunda edýän tagallalary we aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra bu ýerde ýurdumyzyň ussat aýdymçysy S.Tülegenow Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen “Jemal bagşy” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Munuň özi ýurdumyzda sungat ussatlaryna goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň beýany boldy.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Mejlise Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini artdyrdy.
Ilki bilen, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Marian Weltewreden çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzy we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de mejlisi açyk diýip yglan etdi.
Marian Weltewreden çäräniň möhüm ähmiýetini belläp, taryhda ilkinji gezek ahalteke atlarynyň gözelligi boýunça dünýä çempionatynyň Ýewropada geçirilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ilkinji gezek atşynaslar, alymlar we çapyksuwarlar iň owadan aty bilelikde, bir meýdançada yglan etmek üçin dünýäniň çar künjeginden — Türkmenistandan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan bir ýere ýygnandylar. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ilkinji gezek Ýewropada geçirildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda halkara derejeli atçylyk sport toplumlary, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Arkadag şäherinde bolsa tutuş Merkezi Aziýada genetika we molekulýar biologiýa ylymlarynyň tohumyň arassalygyna hyzmat edýän bu ugur boýunça ilkinji ýokary okuw mekdebi bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bina edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Topar 2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Baş baýragyna mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary daşary ýurtly atşynaslar üçin hem hakyky okuw gollanmasyna öwrüldi. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden ahalteke atlarynyň bütin dünýäde şöhratynyň artdyrylmagynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini belläp, çykyş etmek üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat bilen söz berdi.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, türkmen tarapynyň Niderlandlara — şu ajaýyp şähere halkymyzyň hoşniýetli arzuw-umytlary bilen, ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistanyň kalbynyň bir bölegini alyp gelendigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we onuň maşgala agzalaryna hem-de Niderlandlaryň ähli halkyna myhmansöýerligi we mähirli kabul edendigi üçin iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Premýer-ministr Rob Ýettene Türkmenistan bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki mejlisiň we atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatynyň hem-de ahalteke bedewleriniň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň munuň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi hem-de bu çärä ýokary derejede taýýarlyk görendikleri, türkmen tarapy bilen bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlygy üçin onuň guramaçylaryna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
“Bu gün biziň ählimiz örän ajaýyp wakanyň şaýatlary bolup durýarys. Birnäçe günläp Kronenberg şäheri ahalteke atçylygynyň bütindünýä paýtagtyna öwrüldi. Bu wakalar ahalteke atlary boýunça ähli ussatlaryň, olary ýetişdirýänleriň, barlagçylaryň we hünärmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara bileleşikleriň üns merkezinde boldy” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz dünýäde bu atlara uly hormat goýýan şeýle adamlaryň köpdügini bilýändigini, olaryň Aziýanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň onlarça ýurduny öz içine alýandygyny, olaryň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek boýunça köp sanly möhüm işleri alyp barýandyklaryny, bedewleriň şöhratly taryhyny, ajaýyp başarnyklaryny ýaýmakda ýardam berýändiklerini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan türkmen tarapynyň bütin dünýädäki dostlaryna hem-de pikirdeşlerine tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.
“Ahalteke atlarynyň kemala gelen we şöhraty dünýä dolan döwleti, jemgyýeti, topragy hökmünde biz egnimize düşýän uly jogapkärçilige düşünýäris. Ahalteke aty türkmeniň kalbydyr. Halk, ýurt hökmünde taryhymyzyň, aň-düşünjämiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolandan soňra ahalteke atlarynyň arassa tohumlaryny dikeltmek we ösdürmek işinde biz, ozaly bilen, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerine, tejribesine daýandyk” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, esasy döwlet nyşanymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdirildi. Ahalteke atlarynda ylmy-barlag işleri geçirildi, olaryň saglygyna we ösüşine gözegçilik etmegiň ulgamy döredildi. Ylmy taýdan esaslandyrylan seçgi işi ýola goýuldy. Munuň özi diňe bir örän möhüm döwlet işi bolman, eýsem, halkymyzyň öz taryhynyň öňündäki borjudyr, ýurdumyzyň geljekki ösüşi, öňe gitmegi we halkara hyzmatdaşlygy üçin berk binýadyň bir bölegidir.
Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda Türkmenistanda ahalteke atçylygy ulgamynda uly işleriň ýerine ýetirilendigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, birnäçe mysallary getirdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Aşgabat şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy dünýä derejeli we ähmiýetli ylmy-tejribe merkezine öwrüldi; atlaryň arassa ganlylygyna berk gözegçilik etmek üçin, öňdebaryjy DNK-testlemek usuly ornaşdyryldy. Elektron maglumat binýady döredildi; ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy öz işini yzygiderli ösdürýär. Ol dünýäniň onlarça ýurdundan atşynaslary özünde birleşdirýär; ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi möhüm waka boldy; 2012-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda milli baýram hökmünde bellenilýän Türkmen bedewiniň gününe bagyşlap her ýyl «Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem döredijilik işgärleriniň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri munuň bu ugurda edilen we edilýän işleriň hemmesi däldigini, umuman, ahalteke atlaryny gorap saklamak we ösdürip ýetişdirmek işiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ahalteke atçylygy boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek Türkmenistanyň strategiýasynyň örän möhüm, düýpli ugry bolup durýar.
Şu günki mejlise dünýäniň onlarça döwletine wekilçilik edýän, ahalteke atlarynyň köp sanly assosiasiýalarynyň wekilleri ýygnandy. Şunuň bilen baglylykda, muňa giň möçberli halkara waka diýmek bolar. Bu gatnaşyklar has-da berkeýär, täze gatnaşyklar we görnüşler bilen baýlaşýar. Ahalteke bedewleri dürli milletlerden bolan dürli hünärdäki, dürli ýaşdaky adamlary birleşdirýär. Öňde goýlan maksatlara tarap bilelikde gitmäge çagyrýar. Ahalteke atlary wepalylygyň, gözelligiň, akyl-paýhasyň we gaýduwsyzlygyň nusgasydyr. Bularyň ählisi hemme halklara ýakyn we düşnüklidir.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňden makullaýandygyny we goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň ahalteke bedewlerine, atly sport ýaryşlaryna bagyşlanan dürli çäreleri geçirmäge öz goşandyny goşmaga, ýöriteleşdirilen ylmy-barlag işine ýardam bermäge we ýakyndan gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
“Biziň bu ýolda uly üstünlikleri gazanandygymyzy aýtmak isleýärin. Ahalteke bedewleriniň giň gerimli milli hem-de halkara çärelere gatnaşmagy ýokary baha mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Şol Karara laýyklykda, 2026-njy ýylda Ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklandy. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara işini mundan beýläk-de ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de şu ýylyň ýanwarynda Monte-Karloda geçirilen nobatdaky halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropanyň Sirk assosiasiýasynyň halkara güwänamalarynyň gowşurylmagynyň ajaýyp waka bolandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýylyň adyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy. «Galkynyş» toparynyň şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherindäki täsirli çykyşy hakyky dostlugyň we sungatyň baýramçylygyna öwrüldi, ol türkmen atçylygynyň baý däplerini görkezdi. Behişdi bedewler we olaryň çapyksuwarlary maý aýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen atçylyk sporty boýunça ýaryşda we «Gündogaryň merjeni» gözellik bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. «Aziýanyň çempiony» we «Dünýä çempiony» diýen hormatly atlara, şeýle hem beýleki baýraklara mynasyp boldular. Şol aýda Kazanda geçirilen halkara ýaryşda hem türkmen çapyksuwarlary baýrakly orunlary, kuboklary eýelemegi başardylar. Ahalteke atlarynyň hormatyna döredilen ýörite baýraklara mynasyp bolup, öz gaýtalanmajak ussatlygyny görkezdiler.
Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly çärelere gatnaşandygyny belläp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň VIII Halkara etnosport we medeniýet festiwalyna gatnaşmagynyň şu ýylyň ýylýazgysyna giren ýene-de bir şanly waka bolandygyny, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen bu çärede «Galkynyş» toparynyň ýokary baýraklara mynasyp bolandygyny we bu çäreleriň dowamynda türkmen wekiliýetiniň öz kärdeşleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklarynyň geçirilendigini aýtdy.
“Biz bütin dünýäde ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen gatnaşyklary tutanýerli we belli bir maksat bilen berkidýäris. Şeýlelik bilen, 2026-njy ýylda yglan edilen döwlet şygaryny — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny üstünlikli durmuşa geçirýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň geljekde hem öňde goýlan ähli maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, bu ugurda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda köp sanly dostlarynyň, hyzmatdaşlarynyň we pikirdeşleriniň, şol sanda şu mejlise gatnaşýanlaryň goldawyny we ýardamyny duýýandygy guwandyryjydyr.
2026-njy ýylda atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşigi Ýewropa giňişliginde ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny we şan-şöhratyny artdyrmakda esasy waka bolup durýar. Ol bolsa Ýewropanyň iň abraýly atly sport merkezleriniň biri bolan Kronenbergde geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylary bu çäreleriň başlanmagy we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň häzirki açyk mejlisiniň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, halkara derejede giň we wekilçilikli düzümiň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen tarapynyň muny dünýä ahalteke bedewlerini sowgat beren Türkmenistana, halkymyzyň gadymy, baý hem-de özboluşly taryhyna we medeniýetine goýulýan hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň ahyrynda hemmelere berk jan saglygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çuň manyly we mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, açyk mejlisi alyp barmagy haýyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, mejlisi alyp barmak bilen, çykyş etmek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň Komissary — Limburg welaýatynyň gubernatory Emil Roemere söz berdi.
Emil Roemer Milli Liderimizi we açyk mejlise gatnaşyjylary Limburg welaýatynda mähirli mübärekläp, ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport boýunça bäsleşikleriň bu ýerde geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, atlar Limburgyň aýrylmaz bölegidir. Atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň we atlaryň muşdaklarynyň jemlenen bu ýeri halkara derejeli atçylyk sportunyň merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň bu ýerden birnäçe müň kilometr uzakda ýerleşýändigine garamazdan, şu gün Kronenbergde iki halkyň atçylyk bilen bagly medeniýeti, däpleri we tejribesi, atlara bolan çuňňur söýgüsi we atly sporta goýýan sarpasy birleşýär. Çykyşynyň ahyrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Komissary — Limburg welaýatynyň gubernatory Emil Roemer çäreleriň dünýäniň atşynaslarynda ýakymly täsir galdyrjakdygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz manyly çykyşy üçin Emil Roemere minnetdarlyk bildirip, atlaryň ýurtlary we halklary has-da ýakynlaşdyrýandygyny aýtdy hem-de dünýäde ilkinji gezek geçirilen Ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin niderlandlar tarapyna minnetdarlygyny beýan edip, ahalteke bedewleriniň üsti bilen iki ýurduň arasynda beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri Ýan Peter Balkenendene söz berdi.
Döwlet ministri Gahryman Arkadagymyzy we açyk mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň baý atçylyk däplerine we ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlanan dabarada çykyş etmegiň özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de dünýäde atlary öz milli gymmatlygy hökmünde ykrar eden ýurtlaryň örän seýrekdigini, Türkmenistanda atlara şeýle çemeleşmäniň taryhy taýdan özboluşly ýagdaýdygyny aýtdy.
“Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde biz Türkmenistanyň gadymy däpleri, taryhy, milli mirasy hem-de halkara dostlugyň we birek-birege sarpa goýmagyň köprüsine öwrülen ajaýyp dessurlary bilen tanşarys” diýip, Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bolşy kimin, Niderlandlarda hem atlara uly sarpa goýulýar. Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň Ýewropada ilkinji gezek Niderlandlar Patyşalygynda geçirilmegi hem ýurduň halkyny diýseň buýsandyrýar.
Türkmen medeniýetinde bolşy ýaly, beýleki medeniýetlerde hem atlar diňe bir güýji we tizligi alamatlandyrman, ol gözelligiň, milli buýsanjyň we mertebäniň hem nyşanydyr. Atlar asyrlaryň dowamynda adamzat taryhynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Olar syýahatçylaryň, alymlaryň esasy ulag serişdesi hökmünde medeniýetleri baýlaşdyrmaga, halklary birleşdirmäge we abadançylygy döretmäge goşant goşupdyrlar, söwda ýollarynyň hereket etmeginde möhüm orny eýeläpdirler.
Türkmenistan hemişe söwda ýollarynyň merkezinde bolupdyr. Geçen asyrlarda hem, häzirki döwürde hem Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm merkez bolmagynda galýar. Söwda ýollarynyň uzak aralyklardaky ykdysadyýetleri birleşdirişi ýaly, sport hem halklary bir ýere jemleýär. Şu gün bu ýerde geçirilen bäsleşikler bizi has-da ýakynlaşdyrýar. Bu çäreleriň ähmiýeti diňe bir sport bilen çäklenmeýär. Olarda adamzadyň asylly häsiýetleri bilen bir hatarda, tebigata söýgi hem öz beýanyny tapýar diýip, Ýan Peter Balkenenden nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri ýurduň döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we medeniýetara alyşmalary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, medeni we sport çäreleriniň halklary hem-de ýurtlary özara ýakynlaşdyrmaga uly goşant goşýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlaryna ýokary baha berendigi hem-de bu dünýä çempionatyny geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin niderlandlar tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz halkymyzda “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “At — myrat” diýen pähimleriň bardygyny aýdyp, atşynaslyk medeniýetiniň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly däpleriniň bardygyny aýdyp, bu asylly işleriň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi we çykyşy üçin Döwlet ministrine minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz soňra Ýewropa we Demirgazyk Amerika ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň federasiýasynyň ýolbaşçysy Ioannis Maronitise söz berdi. Ol Kronenbergde bolmagyň hem-de bu möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin mertebedigini belläp, halkara hyzmatdaşlygyň, medeni dialogyň we umumadamzat gymmatlyklaryna sarpanyň aýdyň beýany bolan bu çäräniň geçirilmegi ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Ioannis Maronitis çykyşynda Aleksandr Makedonskiniň taryhy ýörişlerinde ýoldaşy bolan meşhur Busefal atly aty barada belläp, gadymy rowaýatlara görä, Busefalyň örän güýçli hem-de boýun egmezek at bolandygyny, ýöne Aleksandr Makedonskiniň onuň ynamyny gazanmagy başarandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Busefalyň taryhy bize uly sapak berýär: hakyky güýç agalyk etmekde däl, eýsem, düşünişmekdedir. At bilen bolan gatnaşyk diňe hormat, söýgi we ynam esasynda guralýar.
Bu gadymy grek taryhy ajaýyp ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistan bilen berk köprini döredýär. Ahalteke bedewi gözelligiň, çydamlylygyň, batyrlygyň we milli buýsanjyň nyşanydyr. Ol diňe bir at däl, eýsem, türkmen halkynyň taryhynyň, ruhunyň we ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Gresiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň dilleri hem-de däp-dessurlary dürli hem bolsa, iki halky birleşdirýän bir umumy dil bar — ol hem atçylyk medeniýetidir. Atlar Gresiýa bilen Türkmenistanyň, Gündogar bilen Günbataryň, geçmiş bilen geljegiň arasyndaky iň gözel köprüleriň biridir.
Ýewropa we Demirgazyk Amerika ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň federasiýasynyň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda Gresiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, şeýle hem bäsleşiklere gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw edip, şeýle giň gerimli çärä gatnaşmaga çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Milli Liderimiz manyly çykyşy üçin Ioannis Maronitise minnetdarlyk bildirdi hem-de ÝUNESKO-nyň ahalteke atlary bilen bagly alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ajaýyp bedewleriň häzirki wagtda hem halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, Isgender Zülkarneýniň Busefal atly ahalteke aty baradaky rowaýaty gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, rowaýatlarda Isgender Zülkarneýniň Busefal atyna guwanandygy we bu aty bilen Nusaý Patyşalygyna gelende, türkmen gojasynyň akyl-paýhasyna haýran galandygy barada aýdylýar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Blanka de Toledo söz berdi. Ol türkmen halkynyň Milli Liderini we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, halkara ähmiýetli çärede Ispaniýa Patyşalygyna hem-de Ispaniýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ahalteke aty diňe bir özboluşly baýlyk we owadanlygyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň köpasyrlyk taryhynyň, medeniýetiniň we mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň gözelligi, çydamlylygy, akyllylygy we adam bilen ajaýyp arabaglanyşygy ahalteke bedewini dünýäniň köp ýurtlarynda meşhur etdi.
Blanka de Toledo ýolbaşçylyk edýän assosiasiýasy tarapyndan geljekde hem ahalteke atynyň Ispaniýada we tutuş Ýewropada meşhurlygyny artdyrmak ugrunda degişli işleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol Ispaniýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň adyndan ahalteke atçylygyny we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi hem-de goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza aýratyn hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyş üçin hanym Blanka de Toledo minnetdarlyk bildirip, onuň dünýäde ahalteke atlarynyň abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlisi jemläp, onuň guramaçylyk meseleleri barada aýtdy we ahalteke atlarynyň arasyndaky dünýä çempionatyny her bäş ýyldan geçirmegi teklip etdi. Milli Liderimiziň teklibi mejlise gatnaşyjylaryň giň goldawyna eýe boldy.
Soňra Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän assosiasiýasynda ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly goşant goşan adamlara hemişe ýokary baha berilýändigini we olaryň ykrar edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke atçylygyny ösdürmäge goşan aýratyn goşandyny belledi. Türkmen bedewiniň milli baýramy, her ýyl geçirilýän halkara maslahatlar, gözellik bäsleşikleri we sergiler — bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň möhüm başlangyçlarynyň hem-de tаgallalarynyň ajaýyp miweleridir. Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri barada ýazan kitaplary bütin dünýäniň atşynaslaryna bu özboluşly tohumyň taryhyny, özboluşlylygyny çuňňur öwrenmäge ýardam berýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa türkmen halkynyň bu gadymy sungatyny bütin dünýä meşhur etdi.
Marian Weltewreden ahalteke atlarynyň arasynda şeýle uly dünýä çempionatynyň Ýewropada ilkinji gezek geçirilýändigini belläp, şu taryhy waka bilen baglylykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Gahryman Arkadagymyzy “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly baýrak we degişli Kubok bilen sylaglamak kararyna gelendigini aýtdy we bu sylaglary Milli Liderimize gowşurdy.
Gahryman Arkadagymyz «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýraga mynasyp bolmagynyň uly hormatdygyny aýdyp, bu ýokary sylagyň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna, dünýä meşhur ahalteke atlarynyň mekany bolan Türkmenistana goýulýan hormatyň we minnetdarlygyň nyşany bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleriniň gadymy taryhy biziň halkymyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenler halk we döwlet hökmünde uly we köpasyrlyk ýoly geçdi. Ahalteke bedewleri şatlykly we kyn pursatlarda türkmenleriň hemişe wepaly dosty, ýoldaşy, daýanjy we buýsanjy hökmünde ýanynda boldy. Dünýäde şunuň ýaly örän ýakyn, uzak döwürlerden gelýän, hakyky ajaýyp sazlaşygyň mysalyny tapmak kyn.
Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň geljekki ykbalynyň geçmişden hem şöhratly bolmagyny gazanmagyň hemmeleriň umumy borjy bolup durýandygyna ynam bildirip, häzirki döwürde munuň üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
“Diňe bir Türkmenistanyň tagallasy bilen däl, eýsem, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmek üçin ahalteke atçylygyny ösdürmegi möhüm hasap edýärin. Häzirki wagtda anyk strategiýany işläp düzmek, ýakyn onýyllykda ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça esasy ugurlary kesgitlemek biziň baş wezipämiz bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Pilbergen” ýaly şeýle hünär klasteriniň binýadynda dünýä bäsleşiginiň geçirilmegi mundan beýläk-de biziň maksadymyzy aýdyň görkezýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, ilkinji nobatda, dünýä atçylyk sportuna gatnaşmagy giňeltmek möhümdir. Şunda esasy maksat ahalteke atlarynyň Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşmagydyr. Munuň üçin baş öwretmegiň we konkuryň halkara standartlary esasynda ýaş atlary taýýarlamak boýunça maksatnamalary işläp düzmek, şeýle hem biziň tohum atlarymyza degişliler üçin iri halkara baýraklary döretmek zerurdyr.
Şeýle hem «ýaşyl” diplomatiýany we ekosyýahatçylygy ösdürmek möhüm ähmiýete eýedir. Ahalteke bedewlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça atly syýahatyň guralmagy dünýä syýahatçylygynyň täze bir görnüşi bolup biler.
Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz weterinar ylmyna maýa goýmagyň, özboluşly genomy öwrenmek üçin halkara barlag grantlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Kronenbergde geçirilýän çäre köp ýurtlardan assosiasiýalary bir ýere jemledi. Bu bolsa ahalteke atlaryny söýüjileriň, bu ugurdaky hünärmenleriň, pikirdeşleriň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin gowy mümkinçilik döredýär.
Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Halkara assosiasiýalar derejesinde hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn ugurlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de olaryň arasyndan aň-bilim we barlag işlerini utgaşdyrmagy, anyk taryhy materiallary we maglumatlary alyşmagy teklip etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewlerine bagyşlap köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede, dokumental esasda, sanly çeşmelerde, çap ediş önümi görnüşinde döredijilik eserlerini döretmegiň meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmegiň üstünde oýlanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de ahalteke bedewiniň bitewi genetik bankyny, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi.
Gahryman Arkadagymyz tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň bu işi goldamaga, maslahat beriş, usulyýet ýardamyny etmäge, arhiw we beýleki materiallary bermäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke atlary bilen baglanyşykly işleriň ýene-de bir möhüm kesgitleýji ugruna ünsi çekip, ahalteke atlarynyň diňe bir türkmenleriň buýsanjy däl-de, türkmeniň döwletliliginiň, garaşsyzlygynyň, ähli halklar bilen dostluga we özara düşünişmäge açykdygynyň nyşanydygyny belledi.
“Biz dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkär agzasy bolan döwlet hökmünde, beýik medeni we taryhy mirasyň eýeleri hem-de ony dowam etdiriji halk hökmünde ýokary ynsanperwer maksatlaryň hatyrasyna adamlaryň birleşmegine ýardam bermegi öz wezipämiz hasap edýäris. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde ahalteke atlaryna mynasyp orun berýäris. Goý, onuň çalasyn asylly gadam urşy parahatçylyga we dostluga, özgerişiň we gülläp ösüşiň belentliklerine ýol açsyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýokary sylag üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem Milli Liderimiz Kronenberg şäheriniň ýolbaşçylaryna myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, çäreleri üstünlikli geçirmäge goşan uly goşantlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz «Iň owadan bezelen at» bäsleşiginiň geçirilýän ýerine geldi. Şeýle halkara çäreleriň Ýewropa yklymynda geçirilmegi dünýä ýurtlarynyň halklaryny ýakynlaşdyrmaga kuwwatly itergi berýär. Dünýä çempionaty diňe bir abraýly sport çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň baý medeniýeti, dünýä beren milli gymmatlyklary, däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Ýaýbaňlandyrylan çärelerde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň many-mazmuny täsirli beýan edilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan, atçylyk boýunça halkara düzümlerden bolan eminler topary atlaryň beden gurluşyna, reňk aýratynlygyna we meýdançada özüni alyp barşyna baha berdiler.
Häzirki wagtda bütin dünýäde tohum atlaryň 250-den gowrak görnüşi bolup, ahalteke bedewleriniň medeni atçylygy ösdürmekde halkara ähmiýete eýe bolan arassa ganly, naýbaşy at tohumlarynyň ilkinji üçlüginde orun alýandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Munuň özi ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli gymmatlygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň beýany bolup durýar.
Behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy esasy nesil ugurlarynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldy. Ahalteke bedewlerine mahsus bolan tyllaýy öwüşgin, olaryň owadan keşbi, ýyndamlygy, gujur-gaýraty we çydamlylygy öz işlerini sungat derejesine ýetiren tutanýerli seýisleriň, atşynaslaryň köpýyllyk irginsiz zähmetiniň miwesidir. Tutuş dünýäde ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty barha belende göterilýär. Ähli döwürlerde-de bu bedewler ajaýyp keşbi bilen islendik adamy haýran galdyryp bilipdir.
Gözellik bäsleşiginde eminler tarapyndan gelnen çözgüde görä, dünýä çempionatynyň ýeňijisi yglan edildi. Meýdança Fransiýadan gelen A.Martinesiň hojalygyna degişli Ýyndam atly gara reňkli at çykaryldy. “Absolýut çempion” diýen ada eýe bolan bu aty uly şowhun bilen garşyladylar we onuň şanyna dürli älemgoşar öwüşginli ajaýyplyklar emele geldi. Bu pursatlar ýatdan çykmajak görnüşleri döretdi.
Soňra “Pilbergen” atçylyk-sport toplumynyň “Maya delorez” meýdançasynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem-de konsert guraldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz uly şowhun bilen garşylanyldy.
Dabarada Gahryman Arkadagymyza uly hormat bilen söz berildi.
Milli Liderimiz şu gün Gündogaryň rowaýaty we türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewine bagyşlanan dünýä çempionatynyň jeminiň jemlenýändigini belläp, munuň dünýä atçylygynyň taryhynda möhüm wakadygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewi diňe bir gözelligiň, ýyndamlygyň we çydamlylygyň nyşany bolman, eýsem, köpasyrlyk taryhymyzyň janly ýadygärligidir, wepaly ýoldaşymyzdyr. Häzirki wagtda biz ahalteke bedewiniň halklary, yklymlary we medeniýetleri birleşdirýändiginiň şaýady bolýarys.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ahalteke bedewini dünýäde giňden wagyz etmäge, atçylyk sportuny ösdürmäge we bu ugurda halkara gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli goldaýandygyny belläp, şu günler Kronenberg şäheriniň dünýä ahalteke atçylygynyň paýtagtyna, dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilen 80-den gowrak ajaýyp ahalteke bedewleriniň bolsa halkara çäräniň bezegine öwrülendigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, çempionatyň çäklerinde geçirilen gözellik bäsleşigi we atly sport ýaryşlary ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny, düşbüligini we ukybyny aýdyň görkezdi.
Häzirki dünýä çempionaty sungat ussatlaryny hem bir ýere jemledi. Geçirilen döredijilik bäsleşiginde suratkeşler, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar ahalteke bedewiniň gözelligini, ýyndamlygyny açyp görkezdiler. Şeýle-de atlaryň şaý-sepleriniň hem-de atçylyga bagyşlanan türkmen halylarynyň sergisi we sergi-ýarmarka ýokary derejede geçirildi. Türkmen artistleriniň we dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bolsa baýramçylyk şowhunyny döretdi.
Gahryman Arkadagymyz çempionatyň çäklerinde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň, şeýle hem ahalteke bedewlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, Niderlandlar Patyşalygynyň hökümetine we halkyna myhmansöýerligi hem-de bu taryhy çäräni geçirmäge mümkinçilik döredendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýeňijilere we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara ýüzlenip, olaryň gazanan üstünlikleriniň ahalteke bedewine bolan çäksiz söýgini, çeken ägirt uly zähmetini görkezýändigini aýtdy hem-de olara alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri, täze ýeňişleri arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, ýaryşyň ýeňijisine baş baýragyň — «Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony» diýen «Gran-pri» baýragynyň gowşurylýandygyny aýdyp, bu ajaýyp we owadan bedewiň eýesini şeýle ajaýyp ýeňiş bilen gutlady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Halkara ahalteke atçylyk bileleşigine agzybirlik, rowaçlyk we täze ýeňişleri arzuw etdi.
Soňra bäsleşigiň netijeleri jemlendi.
«Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony — 2026» atly bäsleşigiň ýeňijisi dabaraly ýagdaýda yglan edildi. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň ýeňijisi, “Absolýut çempion” diýen ada we «Dünýä çempiony» baýragyna Fransiýadan A.Martinesiň Ýyndam diýen gara reňkli aty mynasyp boldy.
Ýeňijä Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň adyndan iň häzirki zaman ýeňil awtoulagynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
A.Martines awtoulagyň açaryny ýüzüne sylyp kabul etdi. Türkmen halkynyň asylly däbine laýyklykda, täze awtoulaga un sepildi hem-de alaja daňyldy.
Ýeňiji şeýle ýokary sylaga mynasyp bolmagyň öz durmuşynda ýatdan çykmajak wakadygyny belledi hem-de atşynaslyk pudagyna berýän ünsi, döredilýän hemmetaraplaýyn şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
«Ýaş atlaryň çempiony» atly bäsleşikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen bedewi ýeňiji boldy. Bu bedew 10 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.
“Ýewropanyň iň gowy bedewi” bäsleşiginde bu ada Fransiýa Respublikasyndan hususy atşynas A.Beýliniň Agana Şael diýen aty mynasyp boldy. Ýeňijä 10 müň ýewro möçberindäki pul baýragy hem-de bäsleşigiň kubogy gowşuryldy.
“Iň owadan bezelen at” atly bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan mele reňkli Toýly atly bedew ýeňiji boldy we 5 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.
Soňra ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi.
1 we 2 ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Jerengözli diýen bedew ýeňiji diýlip yglan edildi we bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.
3 ýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at ýeňiji bolmagy başardy. Bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.
3 we 4 ýaşar bedewleriň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi adyna fransiýaly S.Plaýiniň hojalygyna degişli Ming-de-Ahal atly at mynasyp boldy. Bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.
5 we uly ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde Ukrainadan B.Mamelekowyň hojalygyna degişli Ýagşyja — Owadan atly bedew ýeňiji boldy. Ol 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.
Atyň owadan hereketi üçin (dressaž) bäsleşiginde ukrainaly atşynas Liliýanyň Bady-Saba diýen aty ýeňiji boldy. Ol 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.
Konkur bäsleşiginde bolsa Türkmenistanyň Milli atly sport merkeziniň türgeni Yhlas Çopanow ýeňiji boldy. Ýeňijä 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragy hem-de bäsleşigiň kubogy gowşuryldy.
Soňra ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň çäklerinde heýkeltaraşlaryň, nakgaşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň we fotosuratçylaryň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp etmek boýunça halkara döredijilik bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.
Atlaryň gözelligini heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy P.Patdykow ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Atlaryň gözelligini nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy A.Atahanow ýeňiji diýlip yglan edildi. Ol 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy.
Atlaryň gözelligini haly eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň esasy hünärmeni O.Amanjaýewa ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Atlaryň gözelligini fotosurat eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijisi ukrainaly fotosuratçy W.Osowskiý boldy. Oňa 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Atlary şaý-sepler bilen bezemek boýunça zergärçilik eserleriniň arasynda bäsleşigiň ýeňijisi Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy A.Sähedow boldy. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň çäklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary “Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan” atly baýrak bilen sylaglanyldy.
Halkara bäsleşigiň ýeňijileri özleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda geljekde hem zehinini we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle hem olar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şeýle abraýly halkara bäsleşikleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra Gahryman Arkadagymyza Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky dostlugyň, özara hormatyň nyşany hökmünde friz tohumly at sowgat berildi.
Baýraklary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli konsert guraldy. Oňa Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Konsertiň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary ahalteke atlarynyň şanyna guralan giň gerimli çäreleriň ajaýyp dowamy boldy. Konsertiň maksatnamasy häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungaty bilen dünýä halklarynyň sungatynyň arasynda ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.
Hemmeleriň göwnüni joşa getirýän “Küştdepdi” dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Rowaç» we «Arzuw» atly aýdymlar asylly arzuwlaryň we maksatlaryň hemişe rowaç tapýandygynyň owazy bolup ýaňlandy. Aýdymlaryň ýakymly owazy bilen ahalteke bedewiniň sahnadaky sazlaşykly hereketleri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir döretdi.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp aýdym özboluşly sena bolup ýaňlandy.
Feýerwerkleriň we dron şüweleňleri dabaranyň ajaýyp pursatlaryna öwrüldi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz çärelere gatnaşan ýokary derejeli myhmanlary ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara çagyrdy we olar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Biraz wagtdan Milli Liderimiz Germaniýanyň Düsseldorf şäherine geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
...Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Ýurdumyzyň Hökümet agzalary Gahryman Arkadagymyzy Niderlandlar Patyşalygyna amala aşyran saparynyň üstünlikli geçmegi hem-de Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly baýragy we degişli Kubok bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ahalteke atlarynyň halkymyzyň dünýä beren gymmatlygydygyny belledi hem-de atşynaslyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ylmy nukdaýnazardan çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy we özüniň birnäçe maslahatlaryny berdi.
Şeýlelikde, Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny, atşynaslyk sungatymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň taryhy üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
* * *
Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde Kronenberg şäheriniň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda türkmen atçylyk sungatyna, medeniýetine, çeper döredijiligine we Ýewropanyň atçylyk pudagyna bagyşlanan serginiň hem guralmagy dabaralaryň many-mazmunyny, täsirliligini artdyrdy.
Türkmenistanyň sergi pawilýonynda ahalteke atlaryna we milli atşynaslyk pudagynyň ýeten sepgitlerine bagyşlanan gymmatlyklar aýratyn orun eýeledi. Hususan-da, pawilýonda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy, aýratyn-da, onuň naýbaşy nusgasy bolan milli atşynaslyk sungatymyzyň geçen taryhy ýoluny we häzirki döwürde ýeten sepgitlerini beýan edýän gymmatly eserleri ýerleşdirilipdir.
Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz atlaryň özboluşly tohumyny ösdürip ýetişdiripdirler. Umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň akyl-paýhasynyň ajaýyp sazlaşygynyň, gözelligiň gaýtalanmajak nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp, Ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi» diýlip bellenilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini, milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär. Tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler amala aşyrylýar. Munuň özi sergide ýerleşdirilen eserlerde öz beýanyny tapýar.
Türkmen medeniýetinde behişdi bedewler aýratyn orun eýeleýär. Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda ahalteke bedewleriniň gözelligi çeper beýan edilýär. Bu eserler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhuny şöhlelendirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny açyp görkezýär. Her bir eserde ahalteke atlarynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny beýan edilýär. Hususan-da, bedewleri şekillendirýän surat we heýkeltaraşlyk eserlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Olar pederlerimiziň «At — myrat» diýen jümlesini aýdyň şöhlelendirýär. Munuň özi diňe bir bedewleriň gözelligine belent sarpa goýulýandygyny aňlatmak bilen çäklenmän, olara ählumumy söýginiň, milli buýsanjyň hem beýanydyr.
Halkymyz bedewlere hemişe buýsanypdyr, gymmat bahaly metallardan, daşlardan olar üçin bezeg esbaplaryny döredipdir, bezegler bilen baglanyşykly köp sanly däp-dessurlar emele gelipdir. Sergide görkezilýän bedew esbaplarydyr bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary bilen tapawutlanýar. At esbaplary türkmen halkynyň şöhratly atşynaslyk medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Bu nepis işler ussat türkmen zergärleriniň özboluşly döredijilik mekdebiniň bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk nusgadygyny tassyklaýar.
Bulardan başga-da, sergi pawilýonynda halkymyzyň medeniýetini, köpugurly sungatyny, maddy medeni mirasyny beýan edýän gymmatlyklar toplumy görkezildi. Şolaryň hatarynda nepis halylar, milli lybaslar, şaý-sepler, ýaşaýyş-durmuş esbaplary, sungatyň döwrebap görnüşlerine degişli eserler bar. Gözelligi, nepisligi, köpöwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň asylly ýörelgeleri, milli aýratynlyklary, ruhy dünýäsi jemlenendir. Haly gölleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde hem çuňňur many bar. Bu nyşanlar türkmen halkynyň agzybirligini, bitewüligini alamatlandyrmak bilen, ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygyň, gazanylýan üstünliklere buýsanjyň, nurana geljege ynamyň aýdyň beýanydyr. Gelin-gyzlaryň yhlasyndan, zehininden dörän milli nagyşlardyr keşdeler bilen bezelen lybaslaryň her biri özboluşly sungat eseridir. Milli keşdeçilik sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymy döwürden gözbaş alýan medeni mirasymyzyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Şeýle hem sergide Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyň esasynda taýýarlanylan milli tagamlar görkezildi. Ussat aşpezler myhmanlary milli tagamlary taýýarlamagyň usullary bilen tanyşdyrdylar. Milli aşpezlik sungaty halkymyzyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegidir. Myhmanlara türkmen tagamlaryndan dadyp görmek mümkinçiligi hem döredildi.
Bu ýerde ak öýler dikilip, olaryň ýanynda bagşy-sazandalar halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň hatarynda aýdym-saz sungaty aýratyn orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli aýdym-saz sungatymyz täze derejelere göterildi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Türkmen toýuna mahsus çykyşlar hem ýerine ýetirildi. Folklor toparlary türkmen halkynyň üme däp-dessurlaryny görkezdiler. Munuň özi türkmen sungatynyň özboluşlylygynyň we žanrlarynyň köpugurlylygynyň, däp-dessurlaryň dowamatlylygynyň beýanyna öwrülip, dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň sergi pawilýony bilen bir hatarda, bu ýerde daşary ýurtlaryň hem sergi bölümleri bar. Olarda atçylyk ulgamynda gazanylan üstünlikleri görkezýän gymmatlyklara hem-de atly sport esbaplaryna orun berlipdir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke bedewleri parahatçylygyň ilçileri hökmünde halklaryň we ýurtlaryň arasynda dost-doganlygyň, özara ynanyşmagyň berkidilmegine goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýylyň başyndan bäri dürli ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy türkmen bedewleriniň şöhratyny has-da belende göterýär.
Soňra bu ýerde ýörite gurnalan manežde birnäçe abraýly halkara bäsleşikleriň ýeňijisi bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» topary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Toparyň agzalary dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen Tuguny belentde parladýarlar.
Geçen ýyl sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda hem bu topar täsin çykyşlary bilen Baş baýraga we ýörite baýraklara mynasyp boldy. Şu ýylyň başynda Monako Knýazlygynda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ähmiýetini has-da artdyran möhüm waka boldy. Toparyň agzalary şu ýyl Azerbaýjanda we Türkiýede geçirilen çärelerde hem ussatlyk bilen çykyş etdiler.
«Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda toparyň görkezen çykyşlary ilkinji pursatlardan tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Olarda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bir bitewi sazlaşygy emele getirip, çykyşyň täsirliligini artdyrýar. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän artistleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu bolsa toparyň agzalarynyň bu sungatda ussatlyk derejesine ýetendigini aýdyňlygy bilen görkezýär.
Şeýlelikde, bu medeni çäreler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi ösdürmek, medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak boýunça asylly başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank