
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Täze, 2024-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin we Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym we dostluk baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Muhammed bin Raşid AL-MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Täze, 2024-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin we Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym we dostluk baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mansur bin Zaýed AL-NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Täze, 2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Goý, Täze ýyl Size täze mümkinçilikleri açsyn, arzuwlaryňyz hasyl bolsun, maksatlaryňyz üstünlikli durmuşa geçsin!
Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat we rowaçlyk arzuw edýärin.
Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz,
Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Çžao LESZI,
Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
2023-nji ýylda Russiýa we Türkmenistan çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda ýokary netijeleri gazandylar.
Bilelikdäki netijeli işimiziň Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmegiň bähbidine gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin!
Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!
Täze, 2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
2023-nji ýyl Türkmenistanyň dürli ulgamlarda gazanan üstünliklerine hem-de möhüm wakalara baý boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamasy Bitarap döwletiň parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak işinde barha artýan abraýynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyjyň çäklerinde 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň çäklerinden daşarda parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna goşant goşan sebit we halkara ähmiýetli çäreler geçirildi.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini hem-de işjeň hyzmatdaşlyk etmek, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işinde ýurduňyza, şeýle hem Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
Sebit merkeziniň parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işine uly goldaw berýändigiňiz üçin Size hoşallygymy bildirýärin.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Sizi 2023-nji ýylda gazanan üstünlikleriňiz bilen gutlamaga hem-de täze, 2024-nji ýylda Size we Türkmenistanyň halkyna berk jan saglyk, rowaçlyk, täze üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň!
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Kaha IMNADZE,
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Türki Döwletleriň Guramasy Siziň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, türki dünýäniň çäklerinde ykdysady ösüşi gazanmak we medeni gatnaşyklary giňeltmek boýunça tagallalaryňyza, türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlylygyňyza ýokary baha berýär.
Goý, täze ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistana täze üstünlikleri getirsin!
Türkmenistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Kubanyçbek OMURALIÝEW,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Täze, 2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Goý, täze ýyl şatlykly wakalaryň, täze we ähmiýetli üstünlikleriň döwri bolsun.
Size we Siziň ýakynlaryňyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk we mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistana, şeýle-de onuň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Çžan MIN,
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.