
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl gutlaglary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna täze, 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrler, diplomatlar öz gutlaglarynda täze ýylda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň demokratik özgertmeleri, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirmegi dowam etdirjekdigine ynam bildirýärler.
Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bütin dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýew, dokma senagaty ministri R.Rejepow, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy N.Atagulyýew, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň baş direktory G.Mämmedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, A.Hudaýberdiýew, M.Gazakbaýew gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said ben Osman Suwaýd, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Tažibaýew, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi R.Harazýan, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Kuçkarow, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid Al-Azba, Apostol Nunsiaturasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Anjeý Madeý, “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy R.Batyrşin tüýs ýürekden we mähirli gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy baýramçylyk bilen “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, “Arkadag” gazetiniň baş redaktory G.Mämiýew, “Adalat” gazetiniň baş redaktory M.Nuryýew, “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, “Mugallymlar gazeti” gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew, “Aşgabat” gazetiniň baş redaktory A.Mämmedow, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory B.Myradow, “Watan” gazetiniň baş redaktory T.Kakaýewa, “Nesil” gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, “Esger” gazetiniň baş redaktory S.Myradow, “Diýar” žurnalynyň baş redaktory J.Toryýewa, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, “Garagum” žurnalynyň baş redaktory S.Şaýymow, “Zenan kalby” žurnalynyň baş redaktory M.Taýjykowa, “Güneş” žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewa, Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigiň başlygy P.Tugurow tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.
(TDH)