TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi bellenilýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim almagy ugrunda döredýän ähli şertleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň deputatlarynyň adyndan D.Gulmanowa gutlady.

Hormatly Prezidentimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy tüýs ýürekden gutladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.

(TDH)