Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmen halkyanyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri Fumio Kisida Ýaponiýanyň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank