TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty

Aşgabat, 26-njy awgust (TDH). Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda Diýarymyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergini synladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan dörän, bilim ulgamynyň ähli işgärleri we ýaş nesil üçin gollanma öwrülen kitaplaryna aýratyn orun berildi. Döredilýän döwrebap mümkinçilikleriň netijesinde talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň halkara ders olimpiadalarynda, bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerini, oýlap tapyşlaryny görkezýän gymmatlyklar hem uly gyzyklanma döretdi. Aýdym-sazly çykyşlarda asuda Watanymyzyň waspy ýetirildi.

Maslahatyň başynda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli bilim özgertmeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde hemmetaraplaýyn bilimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesil kemala gelýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ähmiýet berlip, täze tehnologiýalar, bilimler we innowasiýalar esasynda ylymly-bilimli, sagdyn nesli terbiýelemek babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara, milli we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda häzirki zaman kompýuterleri, barlaghana enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň gurluşyklary giň gerimde dowam etdirilýär.

2025-2026-njy okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi, onuň ähli derejesiniň yzygiderliligi üpjün edildi. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek baradaky meseleler hem maslahatda esasy üns berlen ugur boldy. Şunuň bilen birlikde, dünýä tejribesi esasynda okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny, kitaplary kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilip, ylmy-taslama işlerini alyp barmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça okuw-usulyýet toplumlary taýýarlanyldy. Umumybilim edaralarynda dersleri çuňlaşdyryp öwretmek, ýaşlary döredijilige höweslendirmek işlerine uly orun berlip, okatmagyň innowasion usullarynyň işjeň peýdalanylmagyny gazanmak babatda tagallalar dowam etdirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikleriň gerimi giňeldilip, ýeňiji okuwçylar, olaryň ylmy ýolbaşçylary, ýaş mugallymlara halypalyk edýän pedagogik işgärler sylaglanyldy.

Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ruhy-ahlak terbiýesi boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm orun berildi. Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär. Bitarap Türkmenistanyň sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş etmegi, umumadamzat ähmiýetli meseleleriň çözgüdine goşant goşmagy Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrýar.

Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk derejede bilim almagynyň möhüm şertleriniň biri hem olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan wezipeler öňdebaryjy gazanylanlaryň esasynda sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Bilimi ösdürmekde ulanylýan täze, geljegi uly ugurlaryň biri-de emeli aň tehnologiýalarydyr. Häzirki wagtda ýurdumyz bu ugurda halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Maslahatda bilim ulgamynda ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmegiň ugurlaryna hem aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bilim bilen terbiýäniň bitewüligini üpjün etmekden ybaratdyr. Bilim edarasynda berilýän her bir ders ýaşlaryň diňe bir hünär bilimlerini baýlaşdyrman, eýsem, olaryň pikirleniş medeniýetine, durmuş garaýyşlaryna, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine-de täsirini ýetirýär.

Çykyşlarda inklýuziw bilimi ornaşdyrmakda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler barada durlup geçildi. Inklýuziw bilim — bu ukyplaryna we mümkinçiliklerine garamazdan, çagalaryň bitewi bilim gurşawynda bilelikde okadylmagydyr. Inklýuziw bilimiň çäginde çagalaryň fiziki, akyl, medeni-ahlak, dil we beýleki aýratynlyklaryna garamazdan, orta mekdeplerde beýleki çagalar bilen bilim almagyna mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi. Gaznanyň işi jemgyýetde ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrmakda, ýaşlary ata-babalarymyza mahsus belent adamkärçilik, asyllylyk, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde hem nusgalyk görelde bolup durýar.

Maslahatda takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin okuw dersleri öwredilende, kompýuter tehnikalaryndan, innowasion usullardan netijeli peýdalanmak zerurdyr. Şeýle hem halkara guramalar, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde bilim, medeniýet, döredijilik ugurlarynda tejribe alyşmak, täze dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak hem-de okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyldy.

Maslahatyň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýe we bilim bermek işini kämilleşdirmegiň usullary barada-da durlup geçildi. Mekdebe çenli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen birlikde, bilim işiniň mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna hem gönükdirilendir. Çagalar baglarynda ýörite okuw maksatnamalaryna laýyklykda ilkinji düşünjeler berilýär, endik-başarnyklar kemala getirilýär. Körpeleriň aň-bilim, beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek üçin okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahatyndaky çykyşlarda beýan edilenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleriň milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigini aýdyň görkezdi. Onuň ahyrynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynda bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.