Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik
1. LOT № 217.
Ýangyna garşy ýörite we wideogözegçilik enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
2. LOT № 223.
Gökdepe şäheriniň çäginden paýlanan täze mellek ýerlerinde elektrik ulgamynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
3. LOT № 228.
Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň suw geçiriji ulgamynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
4. LOT № 254.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynda we ýanaşyk ýerlerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
5. LOT № 261.
Baýramaly etrabynyň Erkana geňeşligindäki elektrik geçirijiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
6. LOT № 262.
Baýramaly etrabynyň Erkana geňeşliginiň täze mellek ýerlerine elektrik geçirijiniň howa ulgamyny gurmak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
7. LOT № 263.
Tagtabazar şäherindäki elektrik geçirijiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
8. LOT № 271.
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky agyz suwuny arassalaýan zawod üçin önümçilikde gerek bolan enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
9. LOT № 272.
Ýolgyra daşlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
10. LOT № 280.
Ministrlik üçin telewizor satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
11. LOT № 303.
Serwer we olaryň işjeňligini sazlaýan enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy.
12. LOT № 311.
Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrundaky suw çüwdürimli we heýkeller toplumly dynç alyş seýilgähini düýpli abatlamak üçin gerekli enjamlary, harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
13. LOT № 323.
Ministrlige degişli Garaşsyzlyk şaýolunyň 19-njy we 19/1-nji ýaşaýyş jaýlary üçin lift satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
14. LOT № 330.
Ministrlik üçin kir ýuwujy serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
15. LOT № 354.
«Balkansuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hasabyndaky suw göteriji enjamlaryň elektrik hereketlendirijilerini, rotorlaryny we startorlaryny abatlamak hem-de olara tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti.
16. LOT № 365.
Ministrligiň garamagyndaky bilim edaralaryna gerek bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Bäsleşik 2026-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 9-njy sentýabryna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank