
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi täze — 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat, asuda durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly döredijilik üstünliklerine, ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. 2023-nji ýyl döredijiligiň ylham çeşmesi bolup, ýaşlaryň has-da hyjuwly zähmet çekmeli, öz ukyp-başarnyklaryny has kämil görkezmeli ýyly boldy. Bu ýylda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan üstünliklerdir ýetilen belent sepgitler halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň döredijilik güýjüniň we mümkinçilikleriniň egsilmezdigini, täze ýylda has belent sepgitlere ýetip biljekdiklerini ýene-de bir gezek aýan edýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy özgertmeleriň ýyly boldy. 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahaty döwletimiziň berkararlyk binýadyny we kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmekde, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmekde taryhy ähmiýete eýe boldy. Ata-babalarymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurmak babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny toýlan eziz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgäňizden ugur alyp, agzybirlikde, jebislikde zähmet çekýän, döredýän, gurýan halkymyz ýurdumyzyň senagat we oba hojalyk pudagynda, saglyk, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda gazanylan beýik ýeňişlerimize çäksiz buýsanýar. Döwrümiziň beýik taslamasy bolan Arkadag şäherinde ýaşlaryň kämilleşmegi, ylym, bilim bilen meşgullanmagy üçin hem ähli mümkinçilikler döredildi. Munuň özi ýaşlaryň hünär öwrenmekleri, dünýä nusgalyk Arkadag şäherinde kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin oňyn şertleri üpjün edýär.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň bellenilen ýylynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky işjeň ornunyň barha berkeýändigine şaýat bolduk. Siziň dostlukly ýurtlara amala aşyran saparlaryňyzyň üstünlikli netijeleri we gazanylan ylalaşyklar hem muňa doly şaýatlyk edýär. Siziň şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, çykyş etmegiňiz we ählumumy ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmegiňiz möhüm seneleriň biri hökmünde taryha girdi. Siziň daşary ýurtlarda geçirilen forumlara, sammitlere, maslahatlara gatnaşmagyňyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe boldy. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, şeýle-de onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) garamagyna hödürlän teklipleriniň giňden goldanylmagy we degişli Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da dabaralandyrdy.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň belleýşiňiz ýaly, ýaşlarymyz Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy hem Bitaraplygymyzy başlarynyň täjine deňemelidirler. 2023-nji ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde ýaşlaryň üstünliklerine, döredijilik mümkinçiliklerine we Watanymyzyň ösüşlerine goşýan goşantlaryna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatyň, serginiň hem ýaşlary döredijilige ruhlandyryp, olarda geljege ynam artdyrjakdygyna, netijeli zähmete çagyrmaga itergi berjekdigine berk ynanýaryn. Siziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzyň ýurdumyzyň bähbidi ugrunda bilelikde öňe ilerlemekde türkmen halkyna goldaw berjekdigine, diňe bir Diýarymyzyň ylmy-edebi hazynasynda däl, dünýä jemgyýetçiliginiň ylmy hazynasyndan hem orun aljakdygyna pugta ynanýaryn. 2024-nji ýylda ýurdumyz beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymgula goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Täze ýylda halkymyza güneşli Diýarymyzda gazanyljak ösüşlere buýsanyp, bagtyýar döwrümiziň bagtly durmuşynyň hözirini görüp ýaşamak nesip etsin!
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi ýetip gelýän täze — 2024-nji ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.