TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Hazar deňziniň güni mynasybetli hem-de «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen mähirli Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiziň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň baştutanlygyňyzda Hazar deňzi sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli maksatnamalaýyn işler hem-de möhüm başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ähmiýetli başlangyçlaryň ählisi Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ekologik taýdan abadançylygyň mekanyna öwürmäge gönükdirilip, Hazarýaka döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň giň goldawyna eýe bolýar. 2002-nji ýylda Aşgabat şäherinde birinji Hazar sammitiniň, 2012-nji ýylda birinji Hazar ekologiýa forumynyň, 2019-njy ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde wajyp ädimler hökmünde taryha girdi.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammitinde eden taryhy çykyşyňyzda: «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak biziň umumy möhüm maksadymyz bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň garaýşy anyk kesgitlenendir hem-de üýtgewsizdir: ähli ykdysady we önümçilik işi deňziň ekologik howpsuzlygyna berk bagly bolmalydyr, tebigaty goramak babatda ykrar edilen dünýä standartlaryna laýyk gelmelidir» diýip bellemegiňiz ýurtda Hazar deňzinde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Altynjy Hazar sammitiniň dowamynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynyň kabul edilmegi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine uly itergi berdi.

Siziň 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde: “Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren we Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak üçin halkara platformany döretmäge gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerleder. Hazar ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar. Ony 2026-njy ýylda geçirmegi teklip edýäris” diýen başlangyjy öňe sürmegiňiz Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamaga uly üns berýändigiňiziň aýdyň mysalydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Hazar deňziniň sebitindäki ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek maksady bilen, Hazar ekologik başlangyjyny ilerletmek baradaky başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň Hazarýaka döwletleriň ekologik abadançylygyna gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde we geljekde has netijeli üstünlikleri gazanmakda möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys. Biz bu başlangyjyň amala aşyrylmagy ugrunda ähli tagallalarymyzy gaýgyrman tutanýerli zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Hazar deňziniň güni mynasybetli hem-de «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen mähirli Gutlagyňyz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiziň mydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar.