TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy! Hormatly jenap Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!

Sizi täze — 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

2024-nji ýylda Gündogaryň meşhur nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi Türkmenistan üçin möhüm waka — TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip biragyzdan yglan edilmegi mynasybetli gutlamaga rugsat ediň!

Täze ýylda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaralar halkara derejede belleniler we demokratik, Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki hem-de Ýewropadaky abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşjakdygyna hem-de olara öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna Sizi ynandyrýaryn.

Siziň ýurtlaryň we halklaryň arasynda üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýaňyz bilen gutlamaga rugsat ediň! Siz “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgäňize laýyklykda, Türkmenistanyň geljegi hasaplanýan ýaş nesle uly üns berýärsiňiz. Şu ýylyň iýun aýynda täze Arkadag şäheriniň açylmagy Siziň parasatly syýasatyňyzyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Täze — 2024-nji ýylyňyz gutly bolsun! Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban Watanyňyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Meniň söýgüli Türkmenistanym!

Goý, Alla seniň Prezidentiň belent başyny aman saklasyn!

Goý, Alla seniň Gahryman Arkadagyňy öz penasynda saklasyn!

Goý, Alla seniň nesilleriňi bagtyýar etsin!

Goý, Alla saňa parahatçylyk we abadançylyk eçilsin!

Tüýs ýürekden hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Neda BERGER,
Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy.