TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň beýik üstünliklere beslenip, Täze ýylyň uly ruhubelentlik bilen garşylanýan günlerinde geljek, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde mundan beýläk hem üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Garaşsyz ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan halkymyzyň gymmatly medeni mirasyny wagyz etmek, nusgawy edebiýatymyzyň meşhur şahsyýetleriniň eserlerini halkara derejede ýaýmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu babatda beýik akyldar, söz ussady Magtymguly Pyragy aýratyn orun eýeleýär. Onuň döredijiligine bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Sebäbi beýik şahyryň şygyrlarynda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň asuda, agzybir we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary hasyl boldy. Beýik söz ussady synmaz, özygtyýarly türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr. Magtymguly atamyz türkmeniň medeniýetini, sungatyny, durmuşyny, taryhyny, halkyny beýgelden beýik söz ussadydyr. Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar. Ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny Ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy, şahyryň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýaňyzyň, şol sanda umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen syýasatyňyzyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň teklibi boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki halkara abraýyny has-da dabaralandyrdy.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Magtymguly Pyragynyň hormatyna Köpetdagyň eteginde gurulýan ýadygärlik şahyryň döredijiligini, filosofik garaýyşlaryny, abraý-mertebesini arşa göterýär. Akyldar şahyrymyzy mertebelemek, onuň beýik adyny ebedileşdirmek maksady bilen, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde-de onuň ýadygärlikleriniň açylyp, bilim ojaklaryna, şaýollara, binalara, köçelere adynyň dakylmagy akyldaryň eserleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan goşgulary häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrüldi. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde türkmen halkynyň beýik oglunyň ömri-döredijiligine bagyşlanan köp sanly ylmy-medeni we beýleki çäreler türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymgulynyň edebi mirasyna goýulýan uly hormatdan, sarpadan nyşandyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Goý, Magtymguly atamyzyň pelsepewi garaýyşlaryny, şygyrlaryny dabaralandyrjak 2024-nji ýyl berkarar döwletimiziň beýik üstünlikleriniň, döwrebap özgertmeleriniň, ösüşleriniň ýyly bolsun! Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.