Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini dabaraly ýagdaýda we ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly.
2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany Mejlis bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmaly.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 15-nji iýuly.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank