TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren edermen gallaçylarymyzyň gazanan zähmet ýeňşi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglarda bu zähmet ýeňşiniň döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän bugdaý bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidigi bellenilýär. Hatlary iberenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygy, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimize Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutlaglaryny iberdiler.

(TDH)