TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde 30 orunlyk hassahananyň döwrebap binasyny gurmak üçin bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar we teklipler şu ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-77, 44-46-64.