
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna ugrady
Aşgabat — Awaza, 5-nji awgust (TDH). Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.