«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (deňiz we awiasion amallar boýunça)
Bildirilýän talaplar:
Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
Bilimi: deňiz ýa-da awiasion amallar boýunça bilimi bolmaly.
Iş tejribesi: gämi kapitanynyň nobatçy kömekçisi hökmünde ýa-da deňiz administrasiýasynda azyndan 2 ýyl iş tejribesi, şeýle-de nebitgaz pudagynda 5 ýyl iş tejribesi bolmaly.
Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasynda işläp bilmeli.
Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.
Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.
Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank