TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Hor­wa­ti­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Zo­ran Mi­la­no­wi­çe we ýur­duň äh­li hal­ky­na ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­ga, deň­hu­kuk­ly­ly­ga, öňe git­mä­ge we gül­läp ös­mä­ge esas­lan­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy hem-de onuň iki hal­kyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Serdar Berdimuhamedow şu ýa­kym­ly müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Prezident Zo­ran Mi­la­no­wi­çe tüýs ýü­rek­den berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, aba­dan­çy­lyk, Hor­wa­ti­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň hal­ky­na bol­sa ösüş hem-de ro­waç­lyk ar­zuw et­di.

(TDH)