TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanda Keniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti je­nap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry we öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, men je­nap Jo­nah Mai­na Mwan­gi­ni Ke­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­dim. Je­nap Jo­nah Mai­na Mwan­gi­niň ýo­ka­ry şah­sy hä­si­ýet­le­ri özü­ne yna­ny­lan we­zi­pä­ni my­na­syp ýe­ri­ne ýe­ti­rip, Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ziň ma­kul­la­ma­gy­ňy­zy hem-de hor­ma­ty­ňy­zy ga­zan­jak­dy­gy­na do­ly ynam dö­red­ýär. Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz­den ony hoş­ni­ýet­li ka­bul et­me­gi­ňi­zi we me­niň adym­dan, Ke­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň adyn­dan äh­li be­ýan et­jek­le­ri­ne, hu­su­san-da, Si­ze we Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na aba­dan­çy­lyk, ro­waç­lyk ba­ra­da­ky iň go­wy ar­zuw­la­ry­my ýe­ti­ren­de, oňa do­ly ynan­ma­gy­ňy­zy ha­ýyş ed­ýä­rin.

Wil­liam Sa­moei RU­TO,
Ke­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti.

 

Aş­ga­bat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mej­li­siň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa Ke­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si je­nap Jo­nah Mai­na Mwan­gi­den ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di.

Milli par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan dip­lo­ma­ty jo­gap­kär­li we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­lap, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da alyp bar­jak iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Il­çi hoş­ni­ýet­li söz­ler hem-de türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, öz ýur­du­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.

Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da dip­lo­mat ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty, äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä döw­let­le­ri, şol san­da Af­ri­ka se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Şeý­le-de il­çä Mej­li­siň dü­zü­mi, onuň ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça alyp bar­ýan kö­pu­gur­ly iş­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di. Pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Ke­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry tas­syk­la­nyl­dy.

Ke­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si je­nap Jo­nah Mai­na Mwan­gi Türk­me­nis­tan­da Ke­ni­ýa we­kil­çi­lik et­me­giň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny nyg­ta­dy we iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.