TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň ruhy baýlygynyň bähbidine

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Wa­ta­ny­myz äh­li ugur­lar­da be­lent sep­git­le­re ýet­ýär. Milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi, jem­gy­ýe­tiň in­tel­lek­tual we dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir.

22-23-nji iýun­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­syn­da döw­let sa­pa­ryn­da bol­dy. «Za­gul­ba» köş­gün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Il­ham Ali­ýe­wiň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Onuň bar­şyn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi, öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän se­bit we hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň esa­sy me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ha­zar deň­zin­dä­ki hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2026-njy ýy­lyň okt­ýab­ryn­da «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gy­ny ge­çir­me­giň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy.

Hor­mat­ly Prezidentimiz iki ýur­duň söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­na ün­si çe­kip, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň işi­ni iş­jeň­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Türk­me­nis­ta­nyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy. Ýur­du­myz­dan Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny iber­mä­ge müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy, hä­zir­ki wagt­da Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da kuw­wat­ly­ly­gy 1 müň 574 me­ga­wat bo­lan tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy aý­dyl­dy. Azi­ýa­nyň hem-de Ýew­ro­pa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň amat­ly geog­ra­fik ýer­le­şi­şi­ni na­za­ra al­mak bi­len, üs­ta­şyr ulag ul­ga­myn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gyň stra­te­gik ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Ony mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Ulag, üs­ta­şyr we lo­gis­ti­ka me­se­le­le­ri bo­ýun­ça türk­men-azer­baý­jan to­pa­ry­nyň işi­ni güýç­len­dir­mek tek­lip edil­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz, hi­mi­ýa, dok­ma se­na­ga­tyn­da, beý­le­ki ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da me­de­ni-yn­san­per­wer ug­ruň ös­dü­ril­me­gi­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ne üns çe­kil­di.

Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­na “Dost­luk” ne­bit tan­ke­ri­niň sow­gat be­ril­me­gi hem-de onuň de­giş­li şa­ha­dat­na­ma­sy­nyň gow­şu­ryl­ma­gy sa­pa­ryň ma­ny-maz­mu­ny­ny has-da art­dyr­dy.

Gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn resminamalaryň uly top­lu­my­na, hu­su­san-da, yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­myn­da, ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş, azyk howp­suz­ly­gy, ma­li­ýe, oba ho­ja­ly­gy, zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak, sport ugur­la­ryn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da resminamalara gol çe­kil­di. Şeý­le-de se­na­gat ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň 2026 — 2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­na, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da 2026 — 2029-njy ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Mak­sat­na­ma we baş­ga-da bir­nä­çe res­mi­na­ma gol çe­kil­di.

Da­ba­ra­ly ýag­daý­da Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Il­ham Ali­ýew Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma gol çek­di­ler.

Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Prezidentimiz «Ýe­ňiş» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na hem-de azer­baý­jan hal­ky­nyň umumymilli Lideri Geý­dar Ali­ýe­wiň Hor­mat meý­dan­ça­sy­na bar­dy we Azer­baý­ja­nyň milli gahrymanlarynyň, gör­nük­li döw­let, sy­ýa­sy iş­gä­ri Geý­dar Ali­ýe­wiň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ni ha­ty­ra­lap, gül des­se­le­ri­ni goý­dy. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Prezident Il­ham Ali­ýe­wiň kä­be­si­niň gu­bu­ry­na gül des­se­si­ni goý­dy.

Sa­pa­ryň ikin­ji gü­nün­de hor­mat­ly Prezidentimiz Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len bi­le­lik­de Fi­zu­li we Şu­şa şä­her­le­ri­ne ba­ryp gör­di. Döw­let Baş­tu­tan­la­ry Fi­zu­li şä­he­rin­de gu­rul­ýan bi­na­la­ryň, Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Azer­baý­ja­na sow­gat hök­mün­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na bi­na edil­ýän met­ji­diň şe­kil taslamalary bi­len ta­nyş­dy­lar. Şu­şa şä­he­rin­de Arkadagly Gahryman Serdarymyz we dost­luk­ly ýur­duň döw­let Baş­tu­ta­ny tä­ze ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­ny, bu ýer­de gu­rul­ýan met­ji­di syn­la­dy­lar, azer­baý­jan hal­ky­nyň umumymilli Lideri Geý­dar Ali­ýe­we ba­gyş­la­nan ýö­ri­te ser­gä, şä­he­riň ta­ry­hy-me­de­ni des­ga­la­ry­na hem-de hä­zir­ki za­man azer­baý­jan wo­kal sun­ga­ty­nyň düý­bü­ni tu­tu­jy Bül­bü­liň öý-mu­ze­ýi­ne ba­ryp gör­dü­ler.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri at­ly bäs­le­şik­le­riň ge­çi­ril­ýän meý­dan­ça­sy ha­sap­lan­ýan Jy­dyr dü­zü­ne bar­dy­lar. Bu ýer­de hor­mat­ly Prezidentimize be­lent hor­mat-sar­pa­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ra­bag to­hu­myn­dan bo­lan Mert at­ly be­dew sow­gat be­ril­di.

Şeý­le­lik­de, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na amala aşy­ran döw­let sa­pa­ry iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar we ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar bi­le­lik­dä­ki tä­ze taslamalary dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mä­ge ýar­dam be­rer.

25-nji iýun­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Il­ham Ali­ýe­wiň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­di. Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da ta­rap­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Prezident Il­ham Ali­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Azer­baý­ja­na amala aşy­ran döw­let sa­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, sa­pa­ryň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar söw­da-yk­dy­sa­dy, se­na­gat, ulag, oba ho­ja­ly­gy, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin berk bin­ýa­dy goý­dy. Mun­dan baş­ga-da, me­de­ni­ýet, ylym-bi­lim, sport ugur­la­ryn­da­ky däp bo­lan gat­na­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di.

Geý­dar Ali­ýew adyn­da­ky gaz­na bi­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len, iki gaz­na­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da şu ýy­lyň 19-njy okt­ýab­ry — 30-njy no­ýab­ry ara­ly­gyn­da ýur­du­myz­da “Ene — te­bi­gat” at­ly hal­ka­ra ser­gi­ni ge­çir­me­giň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Şeý­le hem iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.

26-njy iýun­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li bir­nä­çe me­se­le­le­re se­re­dil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek, Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da tä­ze önüm­çi­li­gi dö­ret­mek, oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da möw­süm­le­ýin iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy, sarp edi­ji­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün et­mek, Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki pag­ta eg­ri­ji fab­rik­de dok­ma önüm­çi­li­gi­niň ga­lyn­dy­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­ýän tä­ze önüm­çi­li­gi işe gi­riz­mek, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň “Türk­me­nis­tan­da ag­roin­no­wa­si­ýa” at­ly yl­my-amaly elekt­ron žur­na­ly­ny dö­ret­mek, aw­to­mo­bil ulag­la­ry pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ulag hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri bar.

Ýew­ro­pa­nyň tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň ýur­du­my­za amala aşyr­jak sa­pa­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri mej­lis­de ga­ra­lan me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, bu ban­kyň ýur­du­myz­da­ky we­kil­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len iş du­şu­şy­gy­nyň do­wa­myn­da bu sa­pa­ryň bar­şyn­da gol çe­kil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän resminamalaryň taslamalarynyň maz­mu­ny­nyň üs­tün­de iş­le­mek ýa­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Hu­su­san-da, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag, eko­lo­gi­ýa, bank-ma­li­ýe ýa­ly hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça de­giş­li resminamalar iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa­nyň tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky bi­len köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di hem-de ony ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.

Ge­çen hep­de­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-prezidenti Oguljahan Atabaýewa da­şa­ry ýurt­ly dip­lo­mat­lar we hal­ka­ra guramalaryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len bir­nä­çe du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li Na­ri­ne Saak­ýan bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­le­ri we Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny iler­let­mek­de bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ul­ga­my­nyň mö­hüm ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan bi­le­lik­dä­ki taslamalaryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi bel­le­nil­di. Na­ri­ne Saak­ýan gaz­na­nyň alyp bar­ýan işi­ne, ça­ga­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň bu ugur­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga mun­dan beý­läk-de taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Szi Şu­min bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar yn­san­per­wer ul­gam­da, il­kin­ji no­bat­da, ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Ge­çen ýy­lyň aw­gus­tyn­da ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Pe­kin şä­he­ri­ne amala aşy­ran sa­pa­ry­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Hy­ta­ýyň Sun Sin­lin adyn­da­ky gaz­na­sy bi­len öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di. Şeý­le hem şu ýy­lyň ap­re­lin­de Pe­ki­niň hy­taý luk­man­çy­ly­gy uni­wer­si­te­ti­niň rek­to­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň Türk­me­nis­ta­na amala aşy­ran sa­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Ta­rap­lar ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň bäh­bi­di­ne hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar.

Pa­les­ti­na Döw­le­ti­niň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ra­na Abu Hij­leh bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň bar­şyn­da yn­san­per­wer ul­gam­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di. Dip­lo­mat Pa­les­ti­na­nyň hal­ky­na gaz­na­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ibe­ri­len yn­san­per­wer­lik kö­me­gi üçin hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza öz ýur­du­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň adyn­dan ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Du­şu­şyk­lar ta­mam­la­nan­dan soň­ra, gaz­na­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­da gaz­na­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gat­naş­ma­gyn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy bi­len “Gap In­şaat Ýa­ty­rym Diş Ticaret A.Ş.” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da Arkadag şä­he­rin­dä­ki mek­de­bi döw­re­bap­laş­dyr­mak we dur­ku­ny tä­ze­le­mek, onuň çä­gin­de sport we be­den­ter­bi­ýe top­lu­my­ny, 320 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy­ny gur­mak ba­ra­da Şert­na­ma gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Jem­gy­ýet­çi­lik guramalarynyň mer­ke­zin­de “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ka­ra dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň berk bin­ýa­dy” at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Prezidentimiziň Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na amala aşy­ran döw­let sa­pa­ry­nyň we onuň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň iki do­gan­lyk ýur­duň ara­syn­da yzy­gi­der­li iler­le­dil­ýän gat­na­şyk­la­ryň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Şeý­le-de bu sa­pa­ryň do­wa­myn­da iki ýur­duň ugur­daş dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­niň, mö­hüm äh­mi­ýet­li resminamalar top­lu­my­na gol çe­kil­me­gi­niň hyz­mat­daş­ly­gyň ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rü­len­di­gi bel­le­nil­di.

Ýur­du­myz­da Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li şa­hy­ry­nyň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne gül goý­mak da­ba­ra­la­ry, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler ge­çi­ril­di. Kö­pet­da­gyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­leş­ýän «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da be­ýik söz us­sa­dy­nyň ýa­dy­gär­li­gi­ne hor­mat­ly Prezidentimiziň adyn­dan gül çe­me­ni go­ýul­dy. Bu çä­re­ler Bal­kan we­la­ýa­tyn­da gu­ra­lan Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­di.

Dö­re­di­ji­lik fo­ru­my Aş­ga­bat, Arkadag şä­her­le­ri­niň we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň, ýaş ze­hin­le­riň gat­naş­ma­gyn­da­ky kon­sert­le­re, tans-folk­lor, maş­ga­la aý­dym-saz to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry­na baý bol­dy. Milli me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň kö­pö­wüş­gin­li hä­si­ýe­ti şe­kil­len­di­riş we amaly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň, gol­ýaz­ma­la­ryň, saz gu­ral­la­ry­nyň, ne­şir önüm­le­ri­niň gym­mat­lyk­la­ry jem­le­nen ser­gi­ler­de öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Giň ge­rim­li göz­den ge­çi­ri­li­şiň mak­sat­na­ma­sy­na mu­zeý hü­när­men­le­ri­niň hem-de ki­tap­ha­na iş­gär­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, ede­bi­ýat ag­şam­la­ry, ope­ra we teatr oýun­la­ry­nyň, Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­len film­le­riň gör­ke­zi­liş­le­ri hem gi­ri­zil­di. “Ga­dy­my De­his­tan” döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­syn­da “Ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­riň öw­re­nil­me­gi­niň we re­je­len­me­gi­niň hä­zir­ki za­man usul­la­ry” at­ly meý­dan şert­le­rin­dä­ki yl­my-usu­ly­ýet mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de “Ga­raş­syz­lyk­dan gal­kyn­ýan me­de­ni­ýet”, ýur­du­my­zyň halk teatr­la­ry­nyň ara­syn­da gu­ra­lan “Şa­dy­ýan şa­han­daz­lar” at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň jem­le­ri jem­le­nil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2027-nji ýyl­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­ler.

Şeý­le­lik­de, ge­çen hep­de mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ra baý bo­lup, olar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­na bes­len­ýän «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ägirt uly yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer müm­kin­çi­lik­le­riň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di.

(TDH)