TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Resmi habar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bug­da­ýyň ön­dü­ri­li­şi­ni has-da art­dyr­mak ba­ra­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, bu ugur­da daý­han bir­le­şik­le­ri­niň, kä­ren­de­çi­le­riň we ýer eýe­le­ri­niň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Türk­me­nis­tan­da 2027-nji ýyl­da bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ön­dür­mek ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çek­di.

Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, “Türk­men­gal­laö­nüm­le­ri” döw­let bir­le­şi­gi­ne ýer­le­riň kä­ren­de­çi­le­ri, peý­da­la­ny­jy­la­ry, ýer eýe­le­ri bi­len şertnamalary bag­laş­mak esa­syn­da, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de 2027-nji ýy­lyň ha­sy­ly üçin ýur­du­myz bo­ýun­ça bel­le­nen meý­da­na bug­daý ekip, de­giş­li möç­ber­de ha­syl al­ma­gy üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

(TDH)