TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyna mähirli gutlaglar

Gahryman Arkadagymyzyň adyna doglan güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Diplomatlar, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gutlag hatlarynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýandygyny, halkara abraýynyň barha belende galýandygyny belleýärler. Şeýle hem hatlarda hormatly Arkadagymyzyň parasatly döwlet işgäri hökmünde dünýäde giňden tanalýandygy nygtalýar. Gutlag hatlaryny iberenler Milli Liderimizi doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan, Liwiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Mahmud Abdulaziz Hasan, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Wiktor Maýko mähirli gutladylar.

Gahryman Arkadagymyza doglan güni mynasybetli «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy I.Bukato, “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň Türkmenistandaky bölüminiň direktory A.Nowikow, «Altkom» maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko, «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, Ukrainanyň «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, «John Deere Walldorf International GmbH» kompaniýasynyň GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynda oba hojalyk ugry boýunça prezidenti, baş direktory Çaba Leýko, «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Abdulkarim Al Maazmi, “PETRONAS” kompaniýalar toparynyň prezidenti we Baş ýerine ýetiriji direktory Tan Sri Tengku Muhammad Taufik, “Topsoe” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory Ý.Skaltriti, Russiýa Federasiýasynyň “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistandaky wekilçiliginiň direktory W.I.Homýakow, “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory S.Kogogin, «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi, Türkmen-türk işewürler geňeşiniň başlygy Sefa Gömdeniz, “FIT International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kurt Edwards, “Lukoýl” kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy W.Alekperow iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

(TDH)