Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösýändigi bellenilýär. Halkymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Berkarar döwletimizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda ähli şertler döredilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.
Döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlaglaryny iberdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank