TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynda üstünlikli geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar bolan biz bu sungat baýramynyň şatlyk-şowhuna beslenmegi, ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda döredilen giň mümkinçilikler, hepdeligiň açylyş dabarasy mynasybetli oňa gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Siziň Gutlagyňyzda nygtaýşyňyz ýaly, türkmen medeniýetini, sungatyny we edebiýatyny ösdürmekde ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň uly ähmiýeti bar. Şu gezekki medeni forumyň dowamynda-da biz muňa ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Siziň bimöçber goldaw-hemaýatlaryňyz netijesinde Balkan welaýatynda guramaçylykly geçirilen Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da kämilleşdirmekde, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmakda özboluşly sungat baýramyna öwrüldi.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň taýsyz tagallalaryňyz esasynda häzirki döwürde halkymyzyň köpasyrlyk taryhyny, milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň özi nesillerde watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde, şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli mirasymyzyň aýratynlyklaryna göz ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Siz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň ählisi medeniýet ulgamynyň agzybir işgärleriniň kalbynda egsilmez ylhama, çäksiz joşguna öwrülip, olary täze, kämil eserleri döretmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar» diýmek bilen, halkymyzyň baý medeniýetiniň, sungatynyň dünýä derejesindäki uly ösüşlere beslenmegi ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny örän jaýdar belleýärsiňiz.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly taryhy wakalara, beýik işlere, uly zähmet üstünliklerine, ösüşlere beslenýär. Siziň belleýşiňiz ýaly, berkarar Watanymyzyň durmuşyndaky şeýle şanly wakalar medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli zähmete, belent maksatlara, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde medeniýeti we sungaty ösdürmek üçin döredilen şertleriň, giň mümkinçilikleriň oňyn netijeleri berýändigini bolsa şu gezekki Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan köpöwüşginli medeni çäreler hem ähli aýdyňlygy bilen subut etdi.

Şanly ýylda guramaçylykly geçirilen Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň uly ösüşlere beslenýändiginiň, täze eserler bilen baýlaşýandygynyň, medeni mirasymyza goýulýan hormat-sarpanyň has belent derejä göterilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Özboluşly sungat baýramyna öwrülen bu medeni forumyň dowamynda ýurdumyzyň meşhur aýdym-saz, tans toparlary, bagşy-sazandalary, aýdymçylary halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny, Watanymyzyň beýik ösüşlerini wasp edip, joşgunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň ussatlary, muzeý, kitaphana işgärleri sergileri gurap, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň köpöwüşginli dünýäsiniň gözelliklerini, gazanylan üstünlikleri çeper şöhlelendirdiler. Ýurdumyzyň şahyrlarynyň şygryýet agşamynda okan goşgulary, žurnalistleriň çykyşlary eziz Watanymyzyň taryhy özgerişleriniň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň belent waspy bolup ýaňlandy. Kino sungaty bilen bagly, şeýle-de sebitiň taryhy ýadygärliklerinde geçirilen çäreler hem netijeli häsiýete eýe boldy. Tomaşaçylara görkezilen «Leýli-Mejnun» operasy bolsa türkmen opera sungatynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Siziň: «Medeniýet milletimiziň mertebesidir, bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlygydyr. Şoňa görä-de, biz medeniýeti we sungaty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledik. Ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir» diýen sözleriňiz bizi täze gözleglere hem-de üstünliklere ruhlandyrýar. Çäksiz goldaw-hemaýatlaryňyzdan ruhlanyp, biz geljekde-de berkarar döwletimiziň medeniýetini we sungatyny has-da ösdürmek, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň gülläp ösüşini joşgunly wasp edýän kämil eserleri döretmek üçin ähli yhlasymyzy, ukyp-başarnyklarymyzy gaýgyrmarys.

Biz milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe bu sungat baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda döredilen giň mümkinçilikler üçin Size ýene bir ýola tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňiz, döwletli tutumlaryňyz hemişe rowaç bolsun!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar.