TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň dakylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalary çuňňur özleşdiren ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Akademiki, pudaklaýyn we ýokary okuw edaralaryndaky ylmy gözlegleriňdir tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna we sanlylaşdyrylmagyna ýardam berýär. Bu ugurda gazanylýan ägirt uly üstünlikler eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, guramalaryň, kärhanalaryň ýolbaşçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu şanly wakalar bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimize medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, N.Şirimow, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Gahrymany A.Ataýewa, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Saparow, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary — baş alym kätibi M.Elýasow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimizi şanly wakalar bilen «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, «Adalat» gazetiniň baş redaktory M.Nuryýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew, «Aşgabat» gazetiniň baş redaktory A.Mämmedow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory B.Myradow, «Arkadag» gazetiniň baş redaktory G.Mämiýew, «Watan» gazetiniň baş redaktory T.Kakaýewa, «Nesil» gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, «Esger» gazetiniň baş redaktory S.Myradow, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory G.Amangeldiýew, «Diýar» žurnalynyň baş redaktory J.Toryýewa, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, «Garagum» žurnalynyň baş redaktory S.Şaýymow, «Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory M.Taýjykowa, «Güneş» žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewa, Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigiň başlygy B.Nurberdiýew, Metbugat merkeziniň başlygy G.Amanow tüýs ýürekden gutladylar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işgärleriniň adyndan S.Hajyýew we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)