Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik
1. LOT № 75.
Demir ýol ulaglaryny barlaýan rentgen enjamyny satyn almak hem-de gurnamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.
2. LOT № 86.
Bereket şäheriniň 8-nji kiçi etrapçasynda elektrik geçiriji hem-de paýlaýjy enjamy gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
3. LOT № 93.
Welaýatyň etraplarynyň agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
4. LOT № 114.
Ministrlikde sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin zerur tehniki harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
5. LOT № 119.
Häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanan tor hem-de maglumat howpsuzlygynyň enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
6. LOT № 120.
«ИСЛ-401М» kysymly meteorologik barlagdan geçirýän ölçeýji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
7. LOT № 131.
Magtymguly etrabynyň Gyzyl ymam obasyna «Ýegenata» çeşmesinden suw eltijiniň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
8. LOT № 147.
Türkmenbaşy—Garabogaz—Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň Garabogaz—Gazagystanyň serhedi boýunça 0—18,2 kilometr aralygynyň, şeýle-de, 18,2—43,6 kilometr aralygynyň awtomobil ýollary üçin ýolbelgilerini we onuň sütünlerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi.
9. LOT № 166.
Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky yşyklandyryş, suw çykaryş we ýylylyk ulgamlarynyň desgalaryna gerekli enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
10. LOT № 167.
Welaýatyň çäginde suw geçirijileri gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
11. LOT № 168.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky suw howdanynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.
12. LOT № 177.
Daşoguz şäheriniň Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda 4 gatly, 16 öýli 1 sany we 4 gatly, 32 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky inženerçilik ulgamlary hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
13. LOT № 189.
Gullugyň bölümleri üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
14. LOT № 190.
Binalaryň, desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerine gerekli harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
15. LOT № 193.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň okuw otaglary we bölümleri üçin monoblok kompýuterleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
16. LOT № 194.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň howalandyryş, ýyladyş we sowadyş ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
17. LOT № 195.
Büzmeýin etrabynyň Abadan şaýolunyň ugrunda 4 gatly, 32 öýli 11 sany guýma görnüşli ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
18. LOT № 196.
Aşgabat—Gökdepe—Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň 221—271-nji kilometrleri üçin ýörite ugur görkeziji ýol belgilerini we sütünleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi.
19. LOT № 197.
Ýol belgilerini, onuň sütünlerini we ýol çyzyklaryny çyzmak üçin boýag satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi.
20. LOT № 199.
Welaýat prokuraturasynyň edara binasyna ýanaşyk ýerden goşmaça binanyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
21. LOT № 202.
Ministrligiň bölümleriniň we edara-kärhanalarynyň ýyladyş ulgamy üçin gaz ýakyjy enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
22. LOT № 218.
Awtoulagyň tekerlerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.
23. LOT № 220.
Akdepe etrabyndaky elektrik geçiriji howa ulgamlarynyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
24. LOT № 221.
Serwer enjamyny satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
25. LOT № 222.
Şäheriň Arassalaýyş we abatlaýyş birleşiginiň Ýol hojalygyny abat saklaýyş hem-de ulanyş müdirliginiň desgalarynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
26. LOT № 223.
Gökdepe şäheriniň çäginden paýlanan täze mellek ýerlerinde elektrik ulgamynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
27. LOT № 225.
Welaýatyň etraplarynda elektrik geçirijileri gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
28. LOT № 226.
Welaýatyň etraplarynda elektrik geçirijileri gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
29. LOT № 228.
Gökdepe etrabynyň Ahal daýhan birleşiginiň suw geçiriji ulgamynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
30. LOT № 234.
«Ahalwelaýatagyzsuw» birleşiginiň garamagyndaky müdirlikler üçin suw sorujy nasoslary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
31. LOT № 237.
Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrundaky Andalyp şaýolunyň gündogar tarapyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daşky inženerçilik ulgamlaryny we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
32. LOT № 243.
Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky müdirlikleriň abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin dürli ölçegdäki ýol gyradaşlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
Bäsleşik şu ýylyň 25-nji iýunynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz.
Resminamalar şu ýylyň 24-nji iýunyna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank