TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki döwürde Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter we multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak, öz halkynyň taryhyny bilýän, döwletimiziň gazanýan üstünliklerine buýsanýan watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir.

Häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen, ýaş nesliň ylmy-döredijilik ukyplaryny doly ýüze çykarmaga giň şertleri döredýäris. Ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ony yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ylma esaslanyp öňe gitmeginiň uzak möhletleýin ýoluny kesgitledi. Strategiýanyň esasy ugurlaryna laýyklykda, zehinli ýaşlarymyzyň dünýä derejesindäki ylmy barlaglara işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek we olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak arkaly ylmyň iň soňky gazananlaryny ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak işleri döwrebap derejede amala aşyrylýar.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy guramalarda ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlaryň täze nesli kemala geldi. Biz ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlaryny, innowasion tejribelerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion we maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde örän möhüm hasap edýäris. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyz hakynda alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýaş alymlaryň, hünärmenleriň, talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary, oýlap tapyjylyga aýratyn üns bermekleri, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde giň mümkinçilikleri döredýäris.

Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almaklaryna, nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklaryna, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmeklerine ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýaşlarymyzyň hünärlerini kämilleşdirmekleri, özara tejribe alyşmaklary üçin olary daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim edaralaryna döredijilik saparlaryna yzygiderli iberýäris.

Hormatly ýaş alymlar!

Döwletimiziň gazanýan üstünliklerinde ylmyň goşandy uludyr. Ýurdumyzyň kuwwatly ösüşi köp babatda çuňňur ylymly-bilimli ýaşlarymyza hem-de olaryň alyp barýan netijeli işlerine baglydyr. Aýdyň maksatlary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri we täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşantdyr. Bu ugurda ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan ylmy barlaglaryň, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy açyşlarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýändigine aýratyn buýsanýarys.

Biz ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Siziň gazanýan üstünlikleriňiz döwletimiziň abraýydyr, halkymyzyň buýsanjydyr. Garaşsyz döwletimiz ýaş alymlary ylmy işe hem-de döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary eder.

Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!

Sizi Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, türkmen ylmyny ösdürmekde, ony täze belent sepgitlere ýetirmekde hemişe rowaçlyklary arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.