TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsandyryjy ösüşlere beslenip, ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan günlerinde Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habar — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýäde depginli ösýän, ägirt uly tebigy baýlyklara, önümçilik kuwwatlyklaryna, giňden ýaýbaňlandyrylan ulag-aragatnaşyk ulgamyna eýe bolan we bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlykda «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy has-da beýgelýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dürli ýyllarda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda degişli Kararnamalarynyň kabul edilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, halkara söwdany we önümçilik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri babatda gyzyklanma bildirilýän ählumumy gepleşikler üçin giň ýol açdy.

Bitarap Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde nusgalyk işleri alyp barmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň energiýa meseleleri boýunça tagallalaryna goşant goşmakda halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, möhüm işleri amala aşyrdy. Ýurdumyzda döwrebap, toplumlaýyn we ýokary tehnologiýaly ulag infrastrukturasy kemala geldi. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ulag diplomatiýasynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmegi, şeýle-de Diýarymyzda ulag boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny täze belentliklere çykardy.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşyňyzda Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkärçilikli agza döwleti hökmünde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda ulag babatda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak meselesine aýratyn ähmiýet bermegiňiz, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli maslahaty çagyrmagy teklip etmegiňiz hem-de energetika diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryňyz ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki möhüm ornuny has-da berkidýär. Bu ugurlarda ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki goşandy görnükli bolup, umumydünýä maksatlarynyň bähbidine hyzmat edýär, olaryň çalt gazanylmagyna ýardam berýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Magtymguly Pyragynyň: «Owazaň Çyn-Maçyn daglar aşasy» diýip arzuwlan pursady hakykata öwrülip, täze taryhy döwrümizde türkmeniň ýollary alyslara ýaýylýar. Ýurdumyzyň täze, 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylamaga taýýarlyk görýän günlerinde bu halkara ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi, olara köp sanly dünýä döwletleriniň awtordaş bolup çykyş etmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini dabaralandyryp, ata Watanymyzyň daşary syýasy abraýyny has-da beýgeldýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz, maksatnamalaýyn beýik işleriňiz hemişe rowaçlyga beslensin!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.