Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda bu halkara baýramyň parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň dabaralanmasyny alamatlandyrýandygy nygtalýar. Milli senenamamyzda orun alan bu möhüm sene halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygynyň nyşanydyr. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyzy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutlaglaryny beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi bu halkara sene mynasybetli ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Bütindünýä welosiped güni bilen Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank