TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Merkezi banky bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 8-nji, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 136-njy, 154-nji hem-de Atatürk köçesiniň 59-njy, 65-nji, 71-nji ýaşaýyş jaýlarynyň sport meýdançalarynda we çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalarynda bejergi-abatlaýyş işlerini geçirmek, olaryň durkuny täzeläp, döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplaryň teklipleri bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär.

Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 36-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri (+99312) 38-10-27, 38-15-25, 38-10-49.