Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlaglarynda asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen hem-de türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen nepis halylaryň buýsanjymyz, mähriban ojagyň bezegi bolup durýandygyny nygtaýarlar. Hakyky sungat eseri hökmünde dünýäde ykrar edilen ajaýyp türkmen halylary halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen gözelligiň nusgasydyr. Döwlet nyşanynda türkmen haly gölleriniň öz beýanyny tapmagy ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň, merdana halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryna eýermegiň, rowaçlygyň nyşanydyr. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy Türkmen halysynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimize Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Türkmen halysynyň baýramy bilen Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank